PANDEMIÝANYŇ BÄBEKLERIŇ ÖSÜŞINE TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pandemiya babek osusiJAMA lukmançylyk žurnalynda çap edilen kiçi göwrümli pediatriýa barlagynda pandemiýanyň dowamynda doglan bäbekler ösüş taýdan pandemiýadan öň doglanlardan has pes baha aldylar.

2020-nji ýylyň mart-dekabr aralygynda Nýu Ýork şäherinde doglan 255 sany çagany öwrenýän Kolumbiýa Uniwersitetiniň ylmy işgärleri hem bu çagalaryň sosial we hereket ediş ukyplarynyň pesdigini habar berdiler.

Şeýle-de bolsa, barlagda SARS-CoV-2 wirusynyň ýokuşmagy bilen nerw ulgamynyň ösüşindäki yza galaklygyň arasynda baglanyşyk tapylmady. Bu pandemiýada doglan çagalaryň ösüşiniň pes bolmagyna esasan ene-atanyň işsizlik ýa-da iýmit we öý aladalary ýaly, pandemiýa degişli stresiniň sebäp bolan bolmagyny aňladýar.

Barlag pandemiýada doglan çagalary uzak wagtlap öwrenmegiň zerurdygyny belleýär.

ABŞ-da 40 müňden gowrak göwrelileriň gatnaşmagynda geçirilen ýene bir ylmy barlag bolsa, COVID-19 waksinalary bilen çaganyň wagtyndan ir dogulmagynyň arasynda baglanyşyk tapmady.

Ýene bir barlag hem ene süýdünde bäbekleri 6 aýa çenli gorap biljek SARS-CoV-2 antitelolarynyň bolup biljekdigini aýan etdi.

  • 880 gezek okalan