POLIOMIÝELITDEN SAPLANDYKMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

poliomiyelitden saplandykmyBütin dünýäde ýabany poliomiýelit hadysalary iň az derejelere düşen hem bolsa, käbir ýurtlarda damja waksinalarynyň ýetmezçiligi sebäpli hadysalar köpelýär.

Munuň hem bir sebäbi damja waksinanyň düzümi bilen bagly.

Günbatar ýurtlary düzüminde jansyzlaşdyrylan wirusy saklaýan sanjylýan waksinany (sanjym) ulanýarlar. Waksinanyň bu görnüşi wirusy ýaýratmaýar. Waksinanyň damja görnüşi welin esasan pes we orta-girdejili ýurtlar tarapyndan ulanylýar we düzüminde kuwwatsyzlandyrylan wirusy saklaýar. Bu wirus bolsa täretiň üsti bilen daşary çykyp, kuwwatlanyp we ýaýrap bilýär. Waksina almadyk adamlar içine wirus düşen galyndy suwlara ýakynlaşyp keselläp bilýärler. Şeýle hadysalar hem pandemiýa zerarly waksinasiýa kampaniýalarynyň tertibiniň bozulan ýerlerinde artyp barýar.

Umyt beriji täze waksina: Wirusyň kuwwatlanmasy üçin mutasiýalary talap edýän täze damja waksina geçen ýyl BSGG tarapyndan tassyklanyldy we esasan Afrikada 14 ýurda ýaýradyldy.

Ýene bir çäre: Poliomiýeliti global taýdan ýok etmek başlangyjy (GPEI) dünýäni bu wirusdan azat etmek ugrundaky 5 ýyllyk maksatnama üçin 4.8 million dollar maliýe kömegini gözleýär.

2002-nji ýylda Türkmenistan poliomiýelitden azat bolandygy barada güwanama gol çekdi, emma 2010-njy ýylda bu wirusyň Merkezi Aziýa täzeden ýaýramagy bilen, Türkmenistanda poliomiýelit bilen kesellän 3 adam hasaba alyndy. Türkmenistanda poliomiýelite garşy sanjymlar keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibine görä çagalara berilýär. Türkmenistanyň Saglyk ministrligi poliomiýelite we başga-da ýokanç kesellere degişli sanlary çap edenok.

Häzirki wagtda biziň goňşy döwletlerimiz bolan Owganystanda we Päkistanda heniz hem wirus ýaýramagyny dowam edýär. Munuň esasy sebäpleri bu ýurtlaryň syýasy howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy, saglygy goraýyş ulgamlarynyň we sanitariýanyň hiliniň pes bolmasydyr. BSGG-nyň aýtmagyna görä, hatda dünýäde bu wirusly ýekeje çaga galsa hem, ol ähli çagalary howp astynda goýýar.

  • 44 gezek okalan