ÇAGA IÝMITINIŇ MAHABATLARY BARHA ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga iymit mahabatyBSGG-nyň 4 million sosial mediýa postlaryny derňäp geçiren barlagyna görä, 55 milliard dollarlyk çaga iýmiti (formulasy) senagaty ekspluatator marketing (potensial müşderileriň önümiň ýa hyzmatyň bilen gyzyklanmasyny gazanmak üçin edilýän işleriň toplumy) tärlerini ulanmak arkaly çagany ene süýdi bilen iýmitlendirme tejribelerine şek ýetirýär. Ýatlatsak, fewralda hem hut şu mesele barada bir hasabat çykypdy.

Çaga iýmiti senagaty önümleriniň mahabata meňzemezligi üçin olary sosial mediýa influnserleriniň (belli toparlara täsirini ýetirip bilýän adam) kömegi bilen mahabatlandyrýar. Olaryň postlary günde 229 million ulanyja baryp ýetýär – bu ene süýdi barada maglumat berýän, mahabatlandyrylmaýan postlaryň gazanýan okyjylaryndan 3 esse kändir.

Çaga iýmiti ençeme ene-ata üçin ene süýdüniň ýerini tutujy wajyp önüm bolsa-da, BSGG senagatyň ulanýan marketing tärleriniň halkara talaplary we düzgünleri bozýandygyny aýdýar.

Çaga iýmitini öndürýän öňdebaryjy kompaniýalar bolsa, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ündeýändiklerini we özleriniň marketing gollanmalarynyň bardygyny aýdyp, önümleri ene-atalara mahabatlandyrmakda sosial mediýa algoritmlerini günäkärleýärler.

  • 67 gezek okalan