GYZAMYK PURSATDAN PEÝDALANÝAR
BSGG-nyň soňky hasabatyna görä, 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 2022-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda dünýädäki gyzamyk hadysalary 79% artdy.
Çagalaryň arasynda ölüm howply kesel bolan gyzamyk, dümewden, Eboladan we COVID-19-dan hem has çalt ýokuşýar. COVID pandemiýasynyň çagalaryň immunizasiýasyna salan bökdençlikleri, COVID çäklendirmeleriniň azaldylmagy we adamlaryň köpçülikleýin birek-birege ýakynlaşyp başlamagy gyzmagyň ýaýramasy üçin uly mümkinçilik döretdi.
↪ 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda dünýä boýunça 17,338 gyzamyk hadysasy hasaba alyndy. 2021-nji ýylyň ilkinji 2 aýynda bu san 9,665-e deňdi.
↪ Keseliň iň köp ýaýran 5 ýurdy: Somali, Liberiýa, Ýemen, Owganystan we Piliory kenary.
Waksinalaryň öňüni alyp bilýän başga-da birnäçe keselleri artýar. 2020-nji ýylda 23 million çaga wajyp çagalyk waksinalaryny alyp bilmedi. Meselem, 2021-nji ýylda 13 sany Afrika döwletine sary gyzzyrma ýaýrady. 2020-nji ýylda bu diňe 9 ýurtda we 2019-da bary-ýogy 3 ýurtda hasaba alnypdy.
Umytly ýeri: Ýurtlar wagtynda geçirip bilmedik waksinasiýalarynyň yzyndan ýetmäge çalyşýarlar. 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda Afrika ýurtlarynyň 90%-den gowragy gijikdirilen waksinalaryň azyndan biri üçin waksinasiýa kampaniýalaryny ýola goýdy. Şeýle-de, Gana we Nigeriýa ýaly ýurtlar COVID-19 waksinasiýalaryny milli immunizasiýa bilen bilelikde alyp barýarlar.
- 778 gezek okalan