METAMFETAMIN OWGANYSTANA DÜÝPLI ORNAŞÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

metamfetamin owganystanMetamfetaminiň esasy ingrediýentiniň tebigy çeşmesi bolan efedranyň owgan daglarynda ösýändiginiň üstüniň açylmagy ýurduň bikanun neşe pudagynyň güllemegine ýardam etdi.

Ykdysady çökgünligi we dünýä bazarlaryndan üzňeligi başdan geçirýän Owganystan, dünýäniň metamfetamin eksportynyň merkezine öwrüldi. Bu has köp owganlylaryň özüni hem bu neşe serişdesini öndürmäge hem-de ulanmaga iterdi.

BMG-nyň maglumatlaryna görä, soňky 6 ýylda ýurtda ýüzlerçe metamfetamin laboratoriýalary peýda boldy we Owganystan opioid (tirýek) garaşlylygynda dünýäde ilkinji orunlarda durýar.

Ýakynda Taliban bikanun neşe söwdasyna ilkinji resmi gadagançylygy girizdi. Ýöne owganlaryň güzeranyny görmegi üçin başga işiň azlygy sebäpli kanun doly ýerine ýetirilmeýär.

Kabuldaky iň uly reabilitasiýa merkezi birnäçe ýyl mundan öňkä seredende 3 esse köp metamfetamine garaşlylary kabul edýär.

Pasiýentleriň ählisiniň diýen ýaly gaýtadan dolanyp gelýänligini reabilitasiýa merkeziniň işgäri Jamal Abdulnai Nasiri aýdýar.

Çeşme: The Washington Post

  • 701 gezek okalan