GÜNORTA AZIÝANY ÝITI ÝYLYLYK TOLKUNY ÝANDYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yiti yylylykGünorta Aziýada güýçli, ölüm howply ýylylyk tolkunlarynyň bu ýyl adatdakysyndan has ir başlamagy adamlary geň galdyrdy.

Sebitde 38˚-dan ýokary temperaturaly üçünji hepde dowam edýärkä Hindistanda azyndan 25, Päkistanda 65 adam öldi. Emma hakyky ölüm sanlarynyň has köp bolmagy mümkin.

↪ Şu ýylyň apreli Hindistanda 122 ýyl bäri, Päkistanda 61 ýyl bäri iň yssy aý boldy.

↪ Päkistanyň Jakobabad şäherinde temperatura 48˚-dan ýokary geçdi.

↪ Bangladeş we Şri-Lanka hem jöwzaly yssydan ejir çekýärler.

Ýokary temperaturanyň ýakyn günlerde gowşamajagy çaklanylýar.

Klimatyň üýtgemegi Günorta aziýalylary emeli sowadyş ulgamlaryna juda garaşly edýär we ulanylýan wentilýatorlaryň, kondisionerleriň ählisi ýangyç bilen işleýär. Bular bolsa planetany maýladýan gazlary çykarýarlar.

"Gyssagly meseläni ýeňilleşdirmäge synanyşyp, başga bir meseläni ýaramazlaşdyrma töwekgelçiligine düşmek kyn ýagdaý" – diýip Umair Irfan ýazýar.

Çeşme: Vox

  • 725 gezek okalan