DIAGNOZDAN SOŇKY DURMUŞ WE ŞATLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

diagnozdan sonky durmusBraziliýada Alsgeýmer diagnozy goýlan pasiýentleriň köpüsi üçin diagnoz olara ideg etmegiň başlangyjy däl-de, soňy bolup biler.

Hökümet goldawynyň ýetmezçiligi zerarly, ýagdaýdan maşgalalaryň özleri baş alyp çykmaly bolýarlar.

Fernando Peres Alsgeýmerli enesine serişde ýetmezçiliklerinden soň, bu babatda bir zat etmegi ýüregine düwdi. Ol kesele degişli köplenç aýdylmaýan maslahatlar we anekdotlar ýaly, pozitiw pursatlar barada meşhur Facebook sahypasyny döretdi.

Onuň sahypasy demensiýaly adamlar üçin dostlukly gurşawy döretdi we Ispaniýanyň demirgazygyndaky Kamino de Santiago zyýaraty barada habardarlygy artdyrdy.

Fernando: "adamlar size ‘[Alsgeýmer diagnozy goýlandan soň] syýahat edip bilmersiňiz, Kaminoda ýöräp bilmersiňiz, indi hiç zat edip bilmersiňiz’ diýerler. A biz munuň tersini edýäris" – diýip belleýär.

Çeşme: The Guardian

  • 43 gezek okalan