LUKMANLAR GARYPLAŞÝAR, EMMA OLARA MÄTÄÇLIK ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

lukmanlar garyplasyarLiwanyň 2019-njy ýyldaky ykdysady çökgünligi bahalaryň galmagyna we saglyk işgärleriniň emigrasiýasyna sebäp bolup, saglygy goraýşy kyn ýagdaýa saldy.

Netijeler:

↪ Göwrelilikde gowy idegiň ýetmezçiliginden keselli dogulýan bäbekler köpeldi.

↪ Ene-atalar hassahana tölegini töläp bilmän, bäbeklerini hassahanalarda taşlaýarlar.

↪ Süýji keselli näsaglar derman ýetmezçiligi zerarly el-aýaklaryny kesdirdiler (amputasiýa).

↪ Rak keselli hassalar bejergä gelmegi bes etdiler we olaryň ölen bolmaklary-da mümkin.

Işgär ýetmezçiligi: Lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň daşary ýurtlarda has durnukly iş gözlemek üçin ýurtdan gaçýanlygy zerarly, Liwanyň iň uly döwlet hassahanasy Rafik Hariri-de birnäçe ýyl mundan ozal ~60 lukman işlän bolsa, häzir 15 lukman galypdyr. Şepagat uýalarynyň üçden bir bölegi işini terk etdi.

Ýurtda galan saglyk işgärleri bolsa pasiýentler üçin ellerinden gelenini edýärler, ýöne olaryň hem "Iýmite nädip ýetirinmeli? Öý kireýimi nädip tölemeli? Elektrik togy meniň aýlygymdan has gymmat" diýip aýdýandyklaryny Rafik Haririniň baş dermanhanaçysy Raida Bitar belleýär.

Çeşme: NPR Goats and Soda

  • 706 gezek okalan