PÄKISTANYŇ POLIOMIÝELIT KAMPANIÝASYNYŇ ŞOWSUZLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pakistan poliomiyelitPäkistanyň hökümeti ýabany poliomiýelitiň juda artmagynda waksinalaryň ret edilmegini we wakisinasiýa hasabatlarynyň galplaşdyrylmagyny günäkärleýär.

Päkistan 1 ýyldan gowrak wagtlap poliomiýelitden azat gezipdi. Emma, Demirgazyk Waziristanda geçen aý ysmaz galan çaga ýurtda 8-nji poliomiýelit hadysasy boldy.

Konspirasiýa: Bir hökümet işgäri poliomiýelit işgärlerini "ene-atalar bilen waksinalary almazlyk üçin dildüwşükde" aýyplady. Waksinadan şübhelenýän ene-atalar waksina edilen çagalaryň barmaklaryna bellik edýän ýörite ruçkalary alyp bilipdirler.

Bu şu ýyl poliomiýelit toparynyň 2 işgäriniň waksinanyň garşydaşlary tarapyndan öldürilmegi we waksinalaryň günbatar döwletleriň musulman çagalary sterilizasiýa etmek meýilnamasydygy baradaky myş-myşlary öz içine alýan dowamly şowsuzlyklaryň hataryna girýär.

Çeşme: The Guardian

  • 588 gezek okalan