HASSAHANADAN ÇYKANDAN SOŇ ÇAGALARYŇ ÖLÜMINI NÄDIP AZALTMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

cagalaryn olumiHassahanada bejergi alyp-gaýtmak çagany hemişe halas etmeýär. Lancet Global Health tarapyndan geçirilen täze barlag işi Afrikanyň we Günorta Aziýanyň 6 ýurdunyň 9 hassahanasyndan boşadylýan çagalaryň soňra ölüm töwekgelçiliginiň artýandygyny ýüze çykardy.

Barlagda 3,101 sany ýiti keselli 2-23 aýlyk çagalara hassahana kabul edilmeginden başlap, çykarylandan soň 180 güne çenli gözegçilik edildi.

Oksford uniwersitetinden Jeýms A. Berkeli we Waşington uniwersitetinden Judd L. Walson bilen geçirilen söhbetdeşliklerden alnan netijeler:

↪ Keseliň agyrlyk derejesinden başga-da, çaganyň iýmitleniş ýagdaýy we öňden bar bolan beýleki keselleri esasy töwekgelçilik faktorlarydyr.

↪ Hassahanadan çykarylan çagalaryň köpüsi öýlerinde öldi. Çagalaryň ýagdaýy gaýtadan ýaramazlaşanda olar hassahana täzeden eltilmändir.

↪ Çagalar hassahanada wagty we boşadylansoň gözegçilikde saklaýan we töwekgelçilikleri azaltjak dolandyryş zerur.

Çeşme: Global Health NOW

  • 46 gezek okalan