POLŞANYŇ ABORT GADAGANÇYLYGY ENELER ÜÇIN ÖLÜM HOWPLY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

polsanyn abort gadagancylygyOzal Ýewropada abort etdirýänleriň menzili bolan Polşada 29 ýyldan bäri abort gadagançylygy bar. Indi ýurt "iň agyr ýagdaýlarda-da" abort etmeýän ýurtlaryň mysalyna öwrüldi.

17 aý öň, Polşanyň aşa konserwatiw ýokary kazyýeti düwünçegiň anomaliýasy bolan göwreliligi abort etdirmegi hem ýatyrdy.

Kanun aýalyň saglygyna we janyna howp abanýan ýagdaýynda aborta rugsat berse-de, bu kesgitlemäniň aýdyň däldigi zerarly lukmanlar kazyýet jogapkärçiliginden gorkup, abort etmeýärler. Bu, Izabela Sajbor ýaly aýallaryň seýrek, ýöne elhenç ýagdaýlara sezewar bolmagyna getirýär. Ýagny, lukmanlar Izabelanyň göwresindäki çaga düwünçeginde agyr anomaliýanyň bolmagyna we diri galmak mümkinçiliginiň ýoklugyna garamazdan, düwünçegiň ýüreginiň urýanlygy sebäpli abort etmediler we netijede Izabela öldi.

  • 604 gezek okalan