GAZADA WE IORDANIÝADA PSIHIKI SAGLYK KRIZISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Save the Childrengazada we iordaniyada psihiki saglyk krizisi fondunyň täze hasabaty gabalan Gaza zolagynda ýaşaýan ýaş çagalaryň düýpli psihiki saglyk meselesiniň jikme-jiklerini beýan edýär. Bu ýerde palestinaly çagalaryň ýarysyndan gowragy öz janyna kast etmek (suisid) pikirini edipdir we olaryň bäşden üçüsi öz-özüne zeper ýetiripdir.

Ysraýylyň weýrançylykly hüjümleri çagalarda trawma goýdy. 2021-nji ýylyň maýynda bolan hüjümde 256 adam öldi, olaryň 66-sy çagalar.

Sitata: "Her gije ýatmazdan ozal, potologa seredýärin we [bombanyň] kelläme düşmezligi üçin tüýs ýürekden doga edýärin" diýip, 11 ýaşly Nadine Abdullatifa gürrüň berdi.

Psihiki saglyk krizisi: Soňky ýyllarda Iordaniýada suisid rekord derejä ýetdi. Hökümet bu meselä köpçülikde suisid synanyşygyny jenaýat hökmünde jenaýat kodeksine girizmek bilen jogap berdi.

Emma, psihiki saglyk hünärmenleri we aklawçylar işsizligiň ýokarlanmagyndan başlap, psihiki saglyk hyzmatlary elýetersiz bolan bosgunlaryň ýiti depressiýasyna goldaw berip, depressiýanyň düýp sebäplerini çözmäge synanyşýarlar.

Psihiki saglyk çärelerini alyp barýan Fadi Amireh: "Biz ýeke adamyň umytsyzlygy hakda gürrüň etmeýäris. Bu köpçülikleýin çekilýän ejir we şol sebäpli bu meseläni çözmek üçin köpçülikleýin çemeleşme zerur".

  • 539 gezek okalan