BOTSWANANYŇ ÄGIRT ULY ÜSTÜNLIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

botswana ustunlikOzal Botswana eneden çaga AIW ýokuşma derejeleri boýunça dünýäde ilkinji orundady. Emma ýurt häzirki wagtda Afrikada wirusy ýok eden ilkinji döwlet bolmaga ýakynlaşyp, ene-atalaryň aladasyny ýeňletdi.

AIW keselli bir ene çagasynyň wirussyz dogulanlygyny bileninden soň şeýle diýdi: "Gorkudan we günäden ynjalmak deňsiz-taýsyz duýgy".

1999-njy ýylda döredilen we göwreli aýallary barlagdan geçirmegi, bejermegi we zerurlyk ýüze çyksa bäbeklere bejergi bermegi öňe sürýän milli kampaniýa "ägirt uly üstünlik" hökmünde öwgä mynasyp boldy.

Botswanada ulularyň arasynda AIW ýaýramasy henizem 20%-e ýetýär, ýöne eneden çaga AIW ýokuşmasy 1999-njy ýylda 40%-den geçen ýyl 1%-e çenli azaldy.

Tutuş ýurt boýunça AIW barlagyndan geçýän göwreli aýallaryň göterimi 2002-nji ýylda 49%-den 2021-nji ýylda 98%-e çenli artdy.

  • 685 gezek okalan