IÇGI IÇMEK ENDIKLERI RAK KESELINIŇ TÖWEKGELÇILIGINE NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

icgi icmek we rakSeulyň Milli uniwersitet hassahanasynyň ylmy barlagçylary içgi içmek endikleriniň rak keseliniň töwekgelçiligine täsiri baradaky düşünjäni ösdürmek maksady bilen ylmy barlag işini geçirdiler.

2009-2011-nji ýyllarda 4.5 milliondan gowrak koreýaly içgi içmek endikleri babatda sowalnama jogap berdiler. Sowalnamanyň netijeleri içgi içmek endiklerini üýtgetmediklere seredeniňde, alkogol içmegi artdyran adamlarda rak keseliniň ähli görnüşleriniň, şol sanda alkogol bilen bagly rak keselleriniň töwekgelçiliginiň ýokarlanandygyny görkezdi. Şeýle-de, içmeýänler bilen deňeşdireniňde, alkogoly az, orta ýa-da köp mukdarda içýänleriň ählisiniň rak bilen keselleme ähtimallygynyň ýokarydygy ýüze çykaryldy.

Käbir duýduryşlar: Sowalnama örän köp adamyň gatnaşmagy netijeleriň ygtybarlylygyny artdyrýar, ýöne JAMA-nyň Milli rak institutynyň redaksiýasy gözlegiň käbir kemçiliklerini belledi:

↪ Gözleg alkogol içme endiklerindäki uzak möhletleýin üýtgeşmelere seretmeýär;

↪ Alkogoly azaltmak bilen birlikde gazanylan bolmagy ähtimal beýleki sagdyn durmuş ýörelgelerine baha berilmeýär;

↪ Gündogar Aziýanyň ilatynda giňden ýaýran we töwekgelçilik faktory bolup biljek alkogolyň siňmesine gatnaşýan ferment ýetmezçiligi göz öňünde tutulmaýar.

  • 577 gezek okalan