ÝAGYŞ MÖWSÜMINIŇ GETIREN BETBAGTÇYLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yagys mowsuminin getiren betbagtcylygyPäkistandaky elhenç siller obalary we myhmanhanalary weýran etdi:

↪ 8 hepdeläp yzly-yzyna güýçli ýagyş ýagdy;

↪ 1100 adam öldi we bu sanyň artmagyna garaşylýar;

↪ 1 million öý we 3540 km ýol weýran boldy;

↪ ~ 500,000 adam göçüş lagerinde we ençemeleriň gitmäge ýeri ýok.

Güýçli ýagyş möwsüminiň ahyryna çenli ýurduň üçden birine suw basma howpy abanýar we zeper ýeten ekinler azyk ýetmezçiligine, zerur önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Sil suwlarynyň çekilmegi bilen, ilki başda sillerden trawma alan hassalary bejeren lukmanlar indi içgeçme we deri ýokançlyklary ýaly, suwdan geçýän kesellere uçranlary bejerýärler. Döwlet lukmançylyk toparlary diri galanlary palatalarda arassa agyz suwy bilen üpjün edýärler.

Bu "musson ýagyşlarynyň çendenaşa ýagan" wagtynda BMG-nyň Baş sekretary António Guterres 160 million dollar kömek sorap ýüzlendi we dünýäde klimat betbagtçylyklarynyň artjakdygyny duýdurdy.

Päkistanyň premýer ministri Şehbaz Şarif şeýle diýdi: "Munuň agramly bölegine ösen ýurtlar jogapkär. Günbatarly adamlaryň lezzet alyp ýaşaýan durmuş hilininiň hasabyny ösüp barýan ýurtlar çekýär".

Dünýädäki uglerod zyňyndylarynyň 1%-i Päkistana degişli, emma klimatyň üýtgemegi bilen çabgalaryň ýagmagy ýaly klimat betbagtçylyklary barha ýygylaşýar.

Çabgalaryň sebäbi: Klimat her gezek bir dereje maýlanda howadaky suwuň möçberi 4% artýar we netijede güýçli çabgalar döreýär.

  • 556 gezek okalan