ÝOKARY AHLAK HÄSIÝETINIŇ SAGLYGA PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ahlak hasiyetinin saglyga peydasyHäsiýetleriň fiziki we akyl saglygyndaky ornuny öwrenen ylmy barlagçylar "gowy bolmagyň özüňe peýdalydygyny" aýdýarlar. Garward uniwersitetiniň Human Flourishing we SHINE programmalarynyň 1200-den gowrak kämillik ýaşyndaky amerikanlylaryň gatnaşmagynda geçiren barlagynda ýokary ahlakly hereketleriň depressiýanyň töwekgelçiligini azaldýandygy we ýürek-damara peýdasynyň bolup biljekdigi anyklanyldy.

Barlagda gatnaşyjylar özlerini bäş ölçeg boýunça bahalandyrdylar:

↪ "Men ähli ýagdaýlarda, hatda kyn we erbet ýagdaýlarda-da ýagşylyk edýärin";

↪ "Elmydama näme edenimde dogry boljagyny bilýärin";

↪ "Hemişe hemmelere hoşniýetli çemeleşýärin";

↪ "Elmydama gelejekde has bagtly bolmak üçin häzirki bagtymdan birneme el çekip bileýärin";

↪ "Güýjümi başgalara kömek etmek üçin ulanýaryn".

Çeşme

  • 586 gezek okalan