PANDEMIÝANYŇ ÝEKE GOÝAN ÇAGALARY
JAMA Pediatrics-iň täze ylmy barlagyna görä, dünýäde takmynan 10.5 million çaganyň COVID-19 sebäpli ene-atasyny ýa-da hossaryny ýitiren bolmagy we 7.5 million çaganyň ýetim galan bolmagy mümkin. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň oktýabrynda çak edilen 5.2 milliondan juda köpdür.
Global ýitginiň agramly bölegini Günorta-Gündogar Aziýadaky (41%) we Afrikadaky (24% ) çagalar çekýärler. Diňe Hindistanyň özünde ~3.5 million töweregi çaga ene-atasyny ýa hossaryny ýitiripdir.
Iň köp zyýan çeken ýurtlar:
↪ Günorta-Gündogar Aziýada: Bangladeş, Hindistan, Indoneziýa, Mýanma we Nepal.
↪ Afrikada: Kongo Demokratik Respublikasy, Efiopiýa, Kenýa, Nigeriýa we Günorta Afrika.
Iň az zyýan çeken sebitler:
↪ Amerika ~ 14.0%;
↪ Gündogar Ortaýer deňziniň sebiti ~ 14.6%;
↪ Ýewropa ~ 4.7%;
↪ Günbatar Ýuwaş okeanynyň sebiti ~ 1.8%.
Uly duýduryş: Iň uly ýitgä galan Boliwiýanyň we Perunyň çagalary bolup, iki ýurtda hem her elli çagadan biri pandemiýada hossaryny ýitiripdir.
Elhenç netijeler: Toparlaýyn ýaşamak (institusionalizasiýa), zorluk, trawmatik hasrat, psihiki näsaglyk, ýetginjeklikde göwrelilik, okuwa ýetişikliligiň peselmegi, hrononiki we ýokanç keseller ýaly ençeme töwekgelçilikleriň astynda galýan çagalara az kömek berilýär.
- 627 gezek okalan