ABŞ-DA ÇAGA DÜŞMESI ÜÇIN JENAÝATA ÇEKILME

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

abs da caga dusmesiSoňky 23 ýylyň içinde ABŞ-da 50 aýal göwresindäki çagasy aýrylanyndan ýa öli doglanyndan soň neşe testiniň pozitiw çykandygy sebäpli adam öldürmekde ýa-da çagany idegsiz goýmakda aýyplandy.

Prokurorlar köp halatlarda çaganyň düşen wagtynda düwünçegiň ýaşamaga ukyplydygyna ýa däldigine garamazdan, düwünçegiň hukuklaryny goraýandyklaryny aýtdylar. Köplenç aýyplamalar uzak möhletli tussag edilmelere we synag möhletli jenaýata çekilmelere sebäp boldy. Bu ylaýtada neşe garaşlylygyndan ejir çekýän garyp aýallara zyýanly täsirini ýetirdi.

Dobbs effekti: Roe v. Wade karary ýatyrylandan soň, düwünçege we embriona çagalar bilen deň derejede hukuk berýän "düwünçek şahsyýeti" kanunlarynyň kabul edilmegi bilen, şeýle ýagdaýlaryň has artmagy mümkin.

Lukmançylyk jemgyýetiniň garşylygy: Lukmanlar we ylmy barlagçylar beýle kanunlaryň neşe serişdelerini ulanmazlyga interýändigine subutnamanyň ýokdugyny aýdýarlar. Tersine, bu enelere we göwrelilige howp salyp, aýallary neşe garaşlylygyndan saplanmak üçin kömek gözlemekden saklaýar.

Çeşme

  • 571 gezek okalan