EÝRANYŇ REHIMSIZ JEZA ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

eyranyn rehimsiz jeza careleriEýran häkimýeti köpçülikleýin gozgalaňy basyp ýatyrmaga synanyşýarka, hökümet bir protestçä ilkinji ölüm jezasyny berdi. Bu "jeza tolkunynyň" başlangyjygy bolmagy mümkindigini hukuk goraýjy toparlary duýdurýarlar.

Sentýabryň ortalarynda, 22 ýaşly Mahsa Amini polisiýa edarasynda ölenden soň, ýurtda möwç alan protestlerde 300-den gowrak eýranly öldi we müňlerçe adam tussag edildi.

Esasanam, protestçileriň agramly bölegi bolan ýaşlar agyr basyşa duçar boldular:

↪ Amnesty International guramasynyň habaryna görä, azyndan 33 ýetginjek öldürilipdir. Emma, Eýrandaky adam hukuklaryny goraýjy toparlar öldürilenleriň 50-ä golaýdygyny aýdýarlar.

↪ Adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň aýtmagyna görä, ýüzlerçe çagalar we ýetginjekler tussaglykda saklanýar. Olaryň käbirleri ýejilipdir, "terbiýe terapiýasyny" almaga mejbur edilipdir ýa-da psihiatrik dermanlar berilipdir.

Eýranly lukmanlar hem protestçilere ideg edýäni üçin yzarlanýar. Ýüzlerçe lukmanlaryň özleri-de proteste gatnaşdylar.

Şol bir wagtda, BMG-nyň Adam Hukuklary Geňeşi 24-nji noýabrda Eýrandaky repressiýalar bilen bagly "gyssagly ýörite sessiýa" geçirjekdigini yglan etdi.

“Biz halkara derňew komissiýasynyň döredilmegini we Eýran Yslam respublikasyny BMG-nyň aýallaryň hukuklary boýunça iň ýokary edarasynyň agzalygyndan çykarmak baradaky resmi çagyryşy talap edýäris” – diýip, halkara aklawçy Hillel Neuer ýazýar.

  • 563 gezek okalan