BSGG ŞIKESLERDEN WE ZORLUKDAN ÖLÜMÇILIGIŇ ÖŇÜNI ALMAGA ÇAGYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

bsgg zorlukdan olumciligin onuni almakDünýäde her gün 12.000 töweregi adam şikeslenme we zorluk sebäpli ölýär. BSGG-nyň "Şikeslenmäniň we zorlugyň öňüni almak: gysgaça syn" atly täze hasabatyna görä, 5-29 ýaş aralygyndaky adamlaryň ölümiň iň esasy 5 sebäbiniň 3-si ýol heläkçiligi, öldürilmek we susid bilen baglanyşykly.

Bulara goşmaça, şikeslenme bilen bagly ölümçiliklere gark bolmak, ýykylmak, ýanmak we zäherlenmek degişlidir. Ýyllyk 4.4 million şikeslenme bilen baglanyşykly ölümleriň ~ 3-den 1-i ýol heläkçiligi, 6-dan 1-i suisid, 9-dan 1-i adam öldürmek, 61-den 1-i uruş we çaknyşyklar sebäpli bolýar.

BSGG-nyň baş direktory Tedros Adhanom Ghebreyesus: "Garyp adamlaryň baýlara garanyňda şikeslenmeden has köp ejir çekmegi ahmal. Saglyk pudagy maglumat ýygnamak, düzgünleri işläp taýýarlamak, öňüni alyş we ideg çäreleri üçin hyzmatlary we maksatnamalary üpjün etmek, mümkinçilikleri artdyrmak, ünsden düşürilen toparlara has köp dykkat etmek arkaly bu saglyk deňsizliklerine çözgüt tapmakda we şikeslenmeleriň, zorlugyň öňüni almakda möhüm rol oýanaýar" – diýip belledi.

Täsirli we arzan çäreleriň birnäçesi elýeterli. Meselem: Ispaniýada şäherlerde sagatda 30 km çenli tizlik çäginiň goýulmagy ýol howpsuzlygyny gowylady; Wýetnamda ýüzmegi öwredýän kurslar gark bolmagyň öňüni alýar; Filippinleriň kanuny jynsy gatnaşykda bolmagyň ýaşy 12 ýaş ýerine 16 ýaş diýip üýtgetmegi jynsy zorlugyň öňüni almakda oňyn özgerişlere getirýär. Ýöne, syýasy erkiň we maýa goýumyň kemligi zerarly ýeterlik çäreler amala aşyrylmaýar.

Çeşme

  • 500 gezek okalan