PANDEMIÝANYŇ ÝETGINJEKLERIŇ BEÝNISINE TÄSIRI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

pandemiyanyn yetginjeklerin beynisine tasiriCOVID-19 - yň ýetginjeklerde goýan täsirlerine depressiýa, howsalalylyk, gorky degişlidigi öňden mälim. Stanford uniwersitetiniň alymlary pandemiýanyň täze bir täsirini tapdylar: beýniniň wagtyndan öň garramagy.

Alymlar pandemiýa döwründe lokdaunda bolan ýetginjekleriň beýnisiniň pandemiýadan öň barlanylan ýetginjekler bilen deňeşdirende azyndan 3 ýaş garrandygyny anykladylar.

Stanford alymlary, barlaga gatnaşan ýetginjekleriň beýnisiniň MRT-sini deňeşdirenlerinde pandemiýa döwründe gippokampyň (beýniniň ýatlamak funkiýasy) we mindalinanyň (beýniniň stres we beýleki duýgular funksiýasy) ösendigini, beýni gabygyndaky dokumalaryň (aňlamak funksiýasy) inçelendigini anykladylar.

Näme üçin bu tapyndy aladalandyrýar? Bu barlagdan ozal, ýetginjeklerde beýniniň çalt garramagy diňe zorluk, äsgermezlik, stres we trawma başdan geçiren çagalarda duş gelýärdi.

Garaňky gelejek: "Beýnidäki üýtgeşmeleriň hemişelikdigine ýa-da ýetginjekleriň häzirki ýaşy bilen beýniniň ýaşynyň deňleşjekligi näbelli" – diýip The Biological Psychiatry: Global Open Science-iň ýazary Ian Gotlib belleýär.

  • 528 gezek okalan