MAÝYPLARYŇ IRKI ÖLÜMINIŇ ÝENE BIR SEBÄBI: SAGLYK DEŇSIZLIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

mayyplaryn saglyk densizligiBSGG-nyň täze hasabaty maýyplaryň aglabasynyň beýleki adamlara seredeniňde kesellemek we wagtyndan öň ölmek howpunyň has ýokarydygyny görkezdi.

Maýyplar üçin saglyk deňligi baradaky global hasabata görä, ulgamlaýyn we yzygiderli saglyk deňsizlikleri sebäpli maýyplaryň köpüsi maýyp dällere garanyňda has ir, hatda 20 ýyl wagtyndan öň ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Maýyplarda hroniki keselleriň döreme howpy, demgysma, depressiýa, süýji keseli, semizlik, agyz boşlugynyň keselleri we insult töwekgelçiligi bolsa iki esse ýokarydyr. Saglyk aratapawutlaryny maýyplaryň saglyk ýagdaýy ýa-da bozulmalary bilen düşündirip bolmaýar. Ýöne, olaryň sebäbi adalatsyzlyk we deňsizlik ýaly öňüni alyp bolýan faktorlar bolup biler.

Dünýäde ýiti maýyplygy bolanlaryň sany 1.3 milliarda (6 adamdan 1-i) ýetendigi hasabatda bellenilýär. Bu görkeziji, maýyplaryň jemgyýetiň ähli ugurlaryna doly we täsirli gatnaşmagyny üpjün etmegiň, saglyk pudagyna inkluziw, elýeterlilik ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we diskriminasiýa ýol bermezligiň möhümdigini görkezýär.

Saglyk deňsizlikleriniň düýp sebäpleri

Hasabata görä, saglyk ulgamlaryndaky adalatsyzlykdan we deňsizlikden ýüze çykýan ägirt uly saglyk deňsizliklerini çözmek üçin gyssagly çäre görmek zerurdyr. Maýyplaryň we maýyplygy bolmadyklaryň saglyk ýagdaýynyň aratapawudyna şular degişli:

↪ Saglyk işgärleriniň negatiw çemeleşmesi;

↪ Düşnüksiz görnüşde saglyk maglumatlarynyň berilmegi;

↪ Fiziki ýagdaýy sebäpli saglyk merkezlerine barmagyň kynlygy, ulag ýetmezçiligi ýa-da maliýe päsgelçilikleri.

Saglyk hyzmatlary çäkli bolan pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýan maýyplaryň 80% -niň ýüzbe-ýüz bolýän saglyk deňsizligini çözmek kyn bolup biler. Emma, ujypsyzja çeşmeler bilen köp zat edip bolardy.

BSGG-nyň hasaplamalaryna görä, hökümetler ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we bejermäge maýa goýulan her $1-dan $10 girdeýji alyp biler (ýagny, maýa goýumy artdyrmaly). Mundan başga-da, maýyplara gönükdirilen inkluziw çäreleriň hataryna waksinasiýa we maşgala meýilleşdirmegi goşmak tygşytly bolar.

Çeşme

  • 544 gezek okalan