NÄME ÜÇIN KÖMELEKLI ÝOKANÇLYKLARA GARŞY WAKSINALAR ÝOK?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

komelekli yokanclyklarKömelekler daş-töweregimizde, dem alýan howamyzda, elleýän ýerlerimizde, bedenimiziň içinde we daşynda ýaşaýarlar. Emma, immunitetimiz kadaly işlän halatynda, köpümize kömelekli ýokançlyklaryň ýokuşma töwekgelçiligi pes. Kömelekli ýokançlyklaryň aglabasy immuniteti pes adamlara, şol sanda AIW infeksiýasy bejerilmediklere we rak bejergilerini alýanlara, organ transplantasiýasyny geçirenlere ýa autoimmun kesellerine garşy dermanlary kabul edýänlere ýokuşýar. Her ýyl kömelekler bütin dünýäde 13 million ýokançlyga we 1.5 million adamyň ölümine sebäp bolýar.

Ýöne, kömelekleriň käbiri kadaly immuniteti bolanlara-da täsir edýär. Esasanam, jynshananyň (wagina) kömelekli ýokançlygy sagdyn adamlarda ýygy duş gelip, dünýäde her ýyl 138 million aýalda döreýär. Immunosupressiw (immuniteti peseldiji) dermanlary kabul edýänleriň sanynyň artmagy we klimatyň çalt üýtgemegi sebäpli kömelekli ýokançlyklaryň dünýä salýan ýüküniň agyrlaşmagyna garaşylýar.

Kömelekli ýokançlygyň, esasanam onuň ençeme görnüşiniň öňüni almaga niýetlenen waksinany gyssagly oýlap tapmak ugrundaky gözlegler henizem dowam edýär.

Näme üçin 2023-nji ýylda bolsagam kömeleklere garşy waksinalar ýok?

Iň ýiti kömelekli ýokançlyklaryň ilkinji nobatda immuniteti pes adamlara ýokuşmagy waksina oýlap tapmakda uly bökdençlikleri döredýär.

↪ Ilki bilen, bu kömeleklere garşy waksinalaryň kliniki synaglaryna gatnaşyjylary tapmagy kynlaşdyrýar. Waksinanyň täsirliligini ýa-da täsirsizligini anyklamak üçin ylmy barlagçylar köp sanly adamlarda waksinany barlamaly. Lukmançylyk etikasyna görä, barlagçylar eksperiment geçirenlerinde oňa gatnaşýan adamlara ýörite ýokançlyk ýokuşdyryp bilmeýärler – muňa derek, gatnaşyjylar ýokançlyk bilen tebigy ýagdaýda keselleýänçäler garaşmaly bolýarlar. Kesel näçe seýrek bolsa, şol keselli adamlary tapmak we olara gözegçilik etmek hem şonça kynlaşýar. Ýiti kömelekli ýokançlyklar barha artyp barýan bolsalar-da, olar seýrekdir.

↪ Şeýle hem, immuniteti pes adamlara täsirli boljak waksinalary oýlap tapmak kyn. Netijeli waksina adamyň immunitetini belli bir mikroorganizmlere çalt jogap bermäge türgenleşdirmek arkaly täsirlilik görkezýär. Immunitet pes bolanda ony howpsuz türgenleşdirmek aňsat bolmaýar. Käbir ýagdaýlarda immunosupressiýany çaklamak mümkin, meselem: pasiýent himiýa terapiýa ýa-da beýleki immunosupressiw bejergä taýýarlananda. Emma, ony çaklamak hemişe başartmaýar. Mysal üçin: AIW keselliler we immun ulgamynyň bozulmalary bilen doglan adamlar immunitetiniň ýagdaýyny planlap ýa çaklap bilmeýärler.

↪ Ýene bir mesele: Kömelek öýjükleriniň wiruslara we bakteriýalara seredende adam öýjükleri bilen has kän meňzeşligi bar. Bu immunitetimizi öz öýjüklerimize däl-de, kömelek öýjüklerine hüjüm etmäge türgenleşdirjek waksinany oýlap tapmagy kynlaşdyrýar.

↪ Waksinanyň kliniki synaglardan üstünlikli geçmesi onuň önümçiligine başlanjagyny we bazara çykaryljagyny aňlatmaýar. Munuň üçin waksinanyň girdeji gazandyrjak mümkinçiligi hem bolmaly. Kömelekli ýokançlyklaryň hem ýygy-ýygydan we köp adamda ýüze çykmaýandygy sebäpli olara garşy waksina oýlap tapmak we synagdan geçirmek uly farmasewtik kompaniýalaryny gyzyklandyrmaýar.

Päsgelçiliklere garamazdan, hünärmenler kömelekli ýokançlyklara garşy waksinalary oýlap tapmak ugrunda işleýärler. Maliýe meselelerine hötde gelmek üçin alymlar diňe az sanly kömelekleriň öňüni alýan waksinalary däl-de, birnäçe kömelekli ýokançlyklara (belki ählisine) garşy waksina taýýarlaýarlar.

Jorjiýa uniwersitetiniň weterinariýa mekdebiniň immunology Karen Norris kömeleklere garşy waksinany oýlap tapmaga synanyşýan topara ýolbaşçylyk edýär. Norrisiň topary immuniteti pes adamlarda ýüze çykýan ähli ýokançlyklaryň 80%-ine sebäpkär 3 sany (Candida, Aspergillus we Pnewmosistis) kömelege garşy prototipi döretdi. Prototip eksperiment edilýän syçanlarda we süýdemdirijilerde bu ýokançlyklar bilen kesellemegi we ölümi ep-esli azaltdy.

Norris haýwanlaryň howpsuzlygy boýunça goşmaça gözlegleri geçirmek üçin ýene bir ýylyň gerekdigini aýtdy. Ähli barlaglar gowy geçse, prototipiň adamlara howpsuzlygy babatda synagy hem bir ýyl töweregi wagt alar. Ondan soň waksinanyň önümçiligine ygtyýarnama almak üçin ýene birnäçe ýyl gerek bolar.

Çeşme: VOX