ERKEKLER ÜÇIN KONTRASEPTIW GERDEJIGI SPERMALARYŇ IŞJEŇLIGINI TOGTADÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

erkekler kontraseptiwiABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň maliýeleşdiren ylmy gözleginiň syçanlarda geçirilen irki synag tapgyrynda TDI-11861 atly dermanyň bir dozasy tohumlanmadan öň we soň spermalary işjeňsizleşdirdi. Dermanyň täsiri 3 sagat töweregi dowam etdi. 24 sagada çenli derman bütinleý täsirliligini ýitirip, täze spermalar kadaly hereket edip başlady.

Dermanyň adamlarda synag edilip başlanmazyndan ozal, ýene ençeme gezek haýwanlarda synagdan geçmesi zerur we meýilleşdirilýär.

Eger derman adamlarda-da täsirlilik görkezse, erkekler ony diňe zerur halatlarda we haçan isleseler ulanyp bilerler. Aýal kontraseptiw dermanlardan tapawutlylykda, bu dermanyň düzüminde gormon ýok.

Ekspertler dermanyň jynsy ýokançlyklardan goramaýanlygyny duýdurýarlar. Olardan goranmak üçin prezerwatiwleri ulanmak möhümdir.

Sitata: "Erkekler üçin täsirli, [spermalary] işjeň hala dolap bilýän we agyzdan kabul edilýän kontraseptiwlere zerurlyk bar. Emma, birnäçe ýyl bäri dürli kontraseptiwler synagdan geçirilse-de, olaryň hiç biri bazara çykarylmady. Spermalary hereketlendiriji esasy fermenti işjeňsizleşdirmek hakykatdanam täze ideýa. Bu dermanyň täsirlilik görkezip, soňra spermalaryň adaty ýagdaýyna dolanmagy örän tolgundyryjy" – diýip, Şeffild uniwersitetiniň andrologiýa professory Allan Pacey belleýär.

Çeşme: BBC