BSGG: ÖLÜMLERI AZALTMAK ÜÇIN DUZY AZ IÝMELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

bsgg duzy az iymeliNahar duzunyň 40% natriýden ybaratdyr. Natriý – bu adaty öýjükleriň sagdyn saklanmagyna (gomeostaz) hem-de suwuklyk we elektrolit deňagramlylygyny sazlamaga gatnaşýan möhüm ýokumdyr. Şeýle-de, natriý öýjügiň daşyndaky suwuklygyň mukdaryny saklamakda, myşsalaryň we nerw öýjükleriniň kadaly işlemeginde hem-de plazma membranalarynyň içi bilen ýokumly maddalaryň daşalmagynda ähmiýetli rol oýnaýar. Emma, natriý aşa köp mukdarda kabul edilende gan basyşy ýokarlandyrýar we ýürek-damar keselleriniň döreme howpuny artdyrýar – bu BSGG-nyň agza ýurtlaryny duzuň sarp edilişini azaltmaga çagyrýan ilkinji hasabatynda bellenilýär.

↪ Iýmit bilen bagly ölümleriň aglabasy (ýylda ~1.89 million) natriýniň juda kän sarp edilmegi bilen baglanyşykly.

↪ Dünýäde günlük ortaça kabul edilýän natriýniň mukdary (10.78 gr) BSGG-nyň ulular üçin günlük maslahat beren <5 gramyndan iki esse köp.

BSGG-nyň agzalygyndaky 194 döwletiň ählisi 2025-nji ýyla çenli ilatyň duz sarp edişini 30% azaltmagy maksat edinýär. Ösüşiň haýaldygy zerarly gurama muny 2030-njy ýyla çenli uzaltmagy göz öňünde tutýar.

Hasabatda ýurtlaryň natriýni kemeltmek syýasatynyň durmuşa geçirilişine 1 (iň pes) bilen 4 (iň ýokary) aralygynda bolan bal kartlary bilen baha berilýär. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, diňe 9 döwlet 4 bal aldy. Ýagny Braziliýa, Çili, Çehiýa, Litwa, Malaýziýa, Meksika, Saud Arabystan, Ispaniýa we Urugwaý natriýni azaltmak boýunça giňişleýin syýasatlary alyp barýarlar.

Azyndan bir sany natriýni kemeltmek syýasatyny alyp barýanlygy sebäpli, Türkmenistan 2 bal aldy. BSGG-nyň agza döwletleriniň ~33%-i bu bala eýe.

BSGG ýürek-damar keselleriniň we olar bilen bagly çykdajylaryň öňüni almak üçin birnäçe natriý syýasatlaryny we beýleki amaly çäreleri dessin durmuşa geçirmegi maslahat berýär:

↪ Iýmitleriň düzümindäki natriýniň mukdaryny azaltmak;

↪ Keselhanalarda, mekdeplerde we beýleki köpçülik ýerlerinde duzly iýmitleri çäklendirmek;

↪ Sarp edijilere az natriýli önümleri saýlamaga ýardam etmek üçin iýmitleriň düzümindäki natriýniň mukdaryny gaplarynyň ýüzünde bellemek;

↪ Sarp edijileriň natriýni kabul ediş endiklerini üýtgetmek üçin mediýa kampaniýalaryny geçirmek.

  • 498 gezek okalan