GYRGYZYSTANDA MAÝYPLYK IŞLEMÄGE NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

gyrgyzystanda mayyplykÝurduň Milli statistika komitetine görä, Gyrgyzystanda 200 müňden köp maýyplygy bolan adam ýaşaýar. Ýurduň ilatynyň 3% töweregi myşsa-skelet bozulmalaryndan, görüş we eşidiş ýaramazlyklaryndan, ýaramaz intellektden, psihologik we kognitiw bozulmalardan ejir çekýär. Maýyplygy bolan adamlaryň sany soňky 5 ýylda 10.5% köpelipdir. Olaryň näçesiniň zähmete ukyplydygy we näçesiniň işleýändigi ýa-da öz işini edýändigi barada resmi statistika ýok. Gyrgyzystanyň kanunçylygynda maýyplygy bolan adamlaryň işgärleriň 5%-ini düzmelidigi, olaryň synag möhletsiz işe alynmalydygy we günde 7 sagatdan köp işledilmeli däldigi bellenilýär, emma welin bu düzgünler hakykatda berjaý edilmeýär.

Gyrgyzystanyň Zähmet ministrligi maýyplygy bolan adamlary işe almak talabynyň doly berjaý edilmeýändigini kabul edýär. Munuň birnäçe sebäbi görkezilýär:

↪ Iş gözleýjiler aýlygynyň pesligi sebäpli käbir işlerden ýüz öwürýärler.

↪ Iş berijiler ýörite bilim ýa-da üns talap edýändigi sebäpli ýokary-aýlykly işleri maýyplygy bolan adamlara hödürlemeýärler.

↪ Iş berijileriň köpüsi maýyplygy bolan adamlar üçin oňaýly iş şertlerini döretmeýärler – panduslar, tutalgalar, uzeller we ş.m.

↪ Jemgyýetçilik transportynyň giňişleýin elýeter däldigi we taksileriň örän gymmatdygy sebäpli adamlar işe gatnamakda kynçylyk çekýärler, esasan hem ýaramaz howada.

↪ Halk arasynda maýyplygy bolan adamlar ejiz we haýyr-sahawata mätäç görülýär. Bu stereotip hem iş berijileriň niýetlerine täsir edýär.

Gyrgyzlaryň Körler we kerler jemgyýetiniň BUPP№3 kärhanasynyň müdiri Marat Taşbaýewiň aýtmagyna görä, jemgyýetiniň 8 müň agzasynyň 500-ine golaýy egin-eşik, mebel we metal konstruksiýalaryny öndürýän kärhanalarda işleýärler. Olaryň aglabasy eşidiş maýyplygy bolan adamlar bolup, görşi ýaramazlar düşekçe, ýorgan we ýassyk tikýärler. Olaryň aýlygy ortaça 170$. Emma işgärleriň 60%-e golaýy gartaşan adamlar, çünki ýaşlar ol ýerlerde işlemek islemeýärler.

Bilimde yzda

Gyrgyzystanda maýyplygy bolan adamlaryň örän az sanlysy bilim alyp bilýär. Diňe mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýynda umumy meýilnama boýunça okap bilýänler okuwa kabul edilýärler. Uniwersitetlerde hem maýyplygy bolan adamlaryň kolýaskasyndaky adamlar üçin liftler, kerler we eşidişi ýaramaz adamlar üçin yşarat dilinde berilýän sapaklar ýa-da wideolar ýa bolmasa olar üçin ýörite synag tabşyryş şertleri kemçilik edýär. Hatda diplomyň bolsa hem, öz ugruňdan iş tapjagyňa garantiýa ýok.

Ädilmeli ädimler

"Gyrgyzystanyň raýdaşlyk merkeziniň" maýyplygy bolan adamlaryň zähmet hukuklarynyň mediýa eksperti Askar Turdugulow milli kanunlaryň gowudygyny, emma olaryň takyk ýerine ýetirilmeýändigini belleýär. Ol pozitiw üýtgeşmeleriň hem bardygyny nygtap, soňky döwürlerde iş berijileriň maýyplygy bolan adamlary has ýygy işe alýandygyny aýdýar. Şeýle işgärlere esasan hem maglumat tehnologiýalar pudagynda, dizaýnda, gözellik hyzmatlarynda we jaňlaşma merkezlerinde talap bar. Turdugulowyň pikiriçe:

↪ Gyrgyzystanyň Zähmet kodeksine distansion (uzak aralykdan) işi düzgünleşdiriji üýtgeşmeleri girizmek oňaýly netijeleri berer;

↪ Hökümet iş berijiler üçin oňyn şertleri döretmeli we karzlary, mikro-ykdysady hyzmatlary we göterimsiz kreditleri hödürlemek arkaly, olary maýyplygy bolan adamlary işe almaga höweslendirmeli.

Çeşme

  • 498 gezek okalan