ÝALTA SÖZLERI ULANÝAN ENE-ATALARA

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

yalta sozli ene atalar"Näme yrsaraýaň!"

"Ýene betlik edýäňmi?"

"Keçjal diýsänim!"

"Nerwimi oýnajak bolma!"

"Läliksireme!" "Bäbeksireme!"

"ÝOK diýdimmi ÝOK! Bes et indi!"

Biziň her birimiz çagalykda şu sözleriň ýa özümize ýa-da başga çagalara diýlenini eşidendiris. Şeýle sözleri öz çagalarymyza diýýänlerimiz hem bardyr. Siz çagalaryňyzyň hereketlerini, esasanam ýaramaz hereketlerini, suratlandyrmak üçin ulanýan sözleriňizi pikirlenip aýdýarsyňyzmy ýa-da ýaltalyk edip aklyňyza ilkinji gelen sözi aýdyp goýberýärsiňizmi?

Garward Lukmançylyk Mekdebiniň professory J. Stuart Ablon "Psychology Today" saýtynda çap eden makalasynda çagalar üçin ulanylýan "ýalta diliň" täsiri we ýalňyşlyklary hakynda gürrüň berýär. Ol beýle sözleriň köplenç hakykaty görkezmeýändigini, görkezäýende-de çagaň terbiýesine zyýanly täsir edýändigini belleýär. Geliň, bilelikde ýalta sözleri analizläliň.

"Näme yrsaraýaň?" – bu sözi köplenç ene-atalar çaga irizende ýa-da aglanda närazylygyny bildirmek üçin ulanýarlar. Emma her bir yrsaraýan ýaly görünýän çaga çyndanam muny bilgeşleýin edýärmikä? Belki ony bir zatlar bimaza edýändir ýa-da gerek zadyny düşündirip bilýän däldir. "Yrsarama!" diýip, çagany bir söz bilen dymdyrjak bolman, ondan bu hereketiniň sebäbini soramak size çaga has gowy düşünmäge, çaga bolsa özüne düşünilýändigini duýmaga kömek eder. Eger çaganyň sebäpsiz yrsarajak zatlaryndan habarly bolsaňyz, munuň hem öňüni alyp bilersiňiz. Meselem, çagany dükana äkitseňiz öz isleýän zatlaryny aldyrjak bolup yrsaraýan bolsa, ony ýa dükana äkitmän ýa-da gitmezden ozal düşünişip, bir ylalaşyga gelip bilersiňiz: "Dükana äkideýin, ýöne diňe şulary almaga pulumyz ýetýär".

"Ýene betlik edýäňmi?" – Çaganyň bezzatlyk etmeginiň müň dürli sebäbi bolup bilýär. Meselem: şekerli iýmitleri köp iýmek; özüne üns çekmegi islemek; töweregindäkilere meňzejek bolmak; içgysgynçlyk; maşgalada bolup geçýän uly özgerişlikler; öýde tertip-düzgüniň gowşak bolmagy. Käbir garagol çaganyň bolsa, ünsüni jemläp bilmezlik ýa-da özüne erk edip bilmezlik ýaly çynlakaý saglyk kemçiliginiň bar bolmagy ahmal. Şonuň üçin hem, çagany tankytlamazdan öňürti, onuň bezzatlygynyň düýp sebäbini tapjak boluň. Bu barada çaganyň özi, mugallymlary, we hatda maşgala lukmany bilen hem gürleşmäge ýaltanmaň. Bezzat çagalary terbiýelemek üçin aşakdaky ýollary hem barlap bilersiňiz:

↪ Çaga hepdäniň her güni üçin gün tertibini düzüp beriň we çagany berk režime öwrenişdiriň.

↪ Çaga düzgün-tertip öwredeniňizde onuň her gün we her ýerde berjaý edilmelidigini düşündiriň we ýatladyp duruň. Düzgünler bozlan ýagdaýynda nähili temmi beriljekdiginden çagany habardar ediň.

↪ Dügünleriňizi we temmileriňizi berk tutuň. Yzygiderli geleňsizlik ýa-da geçirimlilik etseňiz çagaňyz hem düzgün-tertibi äsgermän başlar.

↪ Çagaňyzyň gündelik ekrana seredýän wagtyny çäklendiriň.

↪ Çagaňyzyň üstüne gygyrmaň.

↪ Sebäpsiz ýere aglap azar berýän çaganyň näzini çekip diňdirjek bolman, özi diňýänçä garaşyň. Goý, çaga aglap diýenini etdirmegi öwrenmesin.

"Nerwimi oýnajak bolma!" – Çagalaryň köplenç bilgeşleýin ulularyň gaharyny getirmek niýetiniň ýokdugyny ýatda saklamak möhümdir. Biziň hemmämiz öz diýenimiziň edilmegini isleýäris. Çagalar hem edil şeýle. Emma kä çaga isleýän zadyny düşündirmekde kynçylyk çekýär. Bu bolsa çagany ýaramaz görkezip, ulularyň kellesini agyrdyp bilýär. Çagaňyza kiçilikden duýgularyna erk etmegi we başgalaryň duýgularyna hormat goýmagy öwrediň. Islendik ýagdaýda çagaňyz bilen parahat düşünişmegi endik ediniň.

"Läliksireme!" – Çaganyň lälikliginiň sebäbi özüňiz bolaýmaň? Käbir maşgala çaga gowy seretmek bilen ony läliksiretmegiň tapawudyny bilmeýär. Çaganyň ähli islegini berjaý etmek we oňa birkemsiz çagalygy bagyş etmek ony hakyky durmuşa taýýarlamaýar. Çaganyň bäbeksiremegini we hemişe size garaşly bolmagyny islemeseňiz, başdan oňa jogapkärçiligi, garaşsyzlygy we isleýän zadyny gazanyp bilmegi öwrediň.

"ÝOK diýdimmi ÝOK! Bes et indi!" – Bu jümle näçe adamyň bilesigelijiligini we hyjuwyny öldürdikä? Ene-atalaryň çagalary bilen aragatnaşyklarynda goýberýän iň uly ýalňyşlyklary hem olara ýeterlik düşündiriş bermezlikdir. Eger çaga çenden aşa şokolat iýmegiň zyýanlydygyny düşündirmeseň, onuň şokolat iýende çenini bilmeýändigi üçin gaharlanyp bolarmy? Eger çaga öý işini etmän oýnasy gelýän bolsa, muňa gahar etmän, mylaýymlyk bilen sebäbini sorap bolmazmy? Özüne düşünilýändigini we ene-atasynyň mydama kömege taýýardygyny bilýän çaga öz meseleleri barada gürleşmäge çekinmez. Her bir hereketi tankytlanylyp, üsti "ýalta jümleler" bilen gömülýän çaga bolsa, ene-atasyndan gitdigiçe daşlaşar we dogrusyny aýtmaga gaýraty çatmaz.

Ene-atanyň her bir sözi çaga üçin örän möhümdir. Haçanda sözleriňizi oýlanyp, pikirlenip aýdanyňyzda, bu sizi ençeme kelleagyrydan gorap, çagaňyzyň siz we başgalar bilen pozitiw hem sagdyn aragatnaşyk gurmagyna kömek eder.

Awtor: Nabat Berdiyewa

  • 3112 gezek okalan