• Makalalar
  • COVID-19
  • KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (31.07.2020)

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUS BILEN BAGLY ÝAGDAÝLAR (31.07.2020)

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (123 Ses)
Image

ÜNS BER!

Biz COVID-19 baradaky fakt-barlaglarymyzda halkara derejede tanalýan saglyk guramalaryna we saglyk hünärmenlerine esaslanýarys. Epidemiýa baradaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygy sebäpli, biziň hem fakt-barlaglarymyz şolara görä täzelenip durýar. Eger-de lukmançylyk maslahatyny gözleýän bolsaňyz, lukmana ýüz tutuň. COVID-19 barada goşmaça maglumat almak üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň websaýtyny okaň.

HABARLAŞMAK KONTAKTLARY

Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň salgysy: tel: +993 12 28-14-47, 28-22-04;

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş ministrligi: tel: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

1-nji aprel: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 24 sagat işleýän koronawirus boýunça sorag-jogap gyzgyn liniýasyny açdy – 73-95-35;

BSGG Türkmenistan: +993 12 48-83-25;

@BSSG Turkmenistan (Instagram), @UN_Turkmenistan, @UNDPTM, @UNRССA (UN Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia)

25-31 IÝUL 2020

Koronawirus (COVID-19) bilen bagly ýagdaýlara syn:

John Hopkins University and Mediсine: 188 ýurtda kesellänler: 17334539, ýogalanlar: 674038, sagalanlar: 10179718.

BSGG/WHO: Gazagystan: kesellänler: 89078, ýogalanlar 793, Gyrgyzstan 35805 (1378), Özbegistan 23558 (137), Täjigistan 7366 (60), Russiýa 839981 (13963), Owganystan 36542 (1271), Türkiýe 229891 (5674), Eýran: 301530 (16569).

Türkmenistan DIM: "Eýrandan gelip Türkmenistanyň üstünden geçýän ýeliň "gyzgyn" akymlarynyň Täjigistanyň çägine barýanlygy baradaky kesgitleme hiç bir hakykata laýyk gelýän däldir. Bu hakykat, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ygtybarly gözegçiliginiň maglumatlary bilen tassyklanylýandyr. Şunuň bilen birlikde, adam saglygy üçin aýratyn zyýanly ýokançlara, ilkinji nobatda, howa akymynyň üsti bilen geçýän wiruslara ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy oňyn ýörelgäni durmuşa geçirýändir, oňa laýyklykda möhüm ekologiki meseleleriň çözgüdinde dünýä ýurtlary hyzmatdaşlyga çagyrýandyr. Olaryň biri hem Aral tragediýasy bolup durýandyr".

↪ Türkmenistanyň SG we DS ministrligi "häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli" Gurban baýramy günlerinde köpçülikleýin çärelerden uzak durmak bilen bagly SMS ugratdy.

↪ SG we DS ministrligi BSGG we UNIСEF bilen СOVID-19 profilaktikasy barada brifing gecirdi. BSGG-niň wekilleri Türkmenistanda COVID-19-yň öňüni almak boýunça alnyp barylýan çäreleri goldadylar.

Täze barlag-gözlegiň netijesine görä, aşa semiz ýa-da semiz adamlarda COVID-19 bilen agyr kesellemek we ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallygy ýokary bolýar.

СOVID-19 we syýahat: BSGG COVID-19 döwründe halkara syýahatynyň täzeden başlamagyna degişli soraglara jogap berýär. Gurama, COVID-19-yň içerde ýaýramagynyň öňüni almak üçin iş ýerlerinde, mekdeplerde, syýahatçylyk we jemgyýetçilik ýerlerinde howa çalşygynyň (wentilýasiýa, kondisioner) derejesini ýokarlandyrmagy maslahat berýär.

↪ Maskalar wirusyň howply dozasyny azaldyp biler. Käbir bilermenler maska geýýän adamlara koronawirus bölejikleriniň az bölegi ýokuşýär diýip belleýär.

BAŞGA HABARLAR:

↪ Bütindünýä gepatit güni her ýyl 28-nji iýulda ilatyň wirusly gepatitler, bagryň çişmegi, bagyr keseli barada habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen bellenilýär. Bu ýylky mowzuk - eneden çaga gepatitiň B görnüşüniň geçmeginiň öňüni almak meselesine gönükdirilen. Gepatit B ýokuşmagy ganyň we gan serişdeleriniň üsti bilen, jynsy gatnaşygy arkaly bolup biler. Wirus eneden çaga hem ýokuşýandyr.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi raýatlaryň iň köp soraýan 50 soragyna jogap berdi.

Täze barlagyň netijesi: aborty kanun taýdan çäklendirýän ýurtlarda abortyň derejesi ýokary, emma abort we göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri (kontrasepsiýa) ilata elýeterli bolan ýokary girdejili ýurtlarda görkeziji gaty pes bolýar. Abort çäklendirilen ýurtda: her 1000 aýaldan ortaça 73 aýalda meýilleşdirilmedik göwrelilik bolýar , 1000-den 36-sy abort etdirýär. Abort kanuny taýdan elýeterli bolan ýurtlarda: her 1000 aýaldan 58 aýalda meýilleşdirilmedik göwrelilik bolýar, 1000-den 40-sy abort etdirýär. Jemgyýetde abortyň elýeter bolmagy we jynslaryň arasyndaky deňsizligiň, zyýanly däp-dessurlar we dini düşünjeler bilen arabaglanşygy bolýar. Türkmenistanda aýallaryň 50% nähili ýagdaýda? Abort – kanuny, howpsuz we seýrek bolmalydyr. Türkmenistanda "kontrasepsiýadan diňe zenan bilimli bolmaly we aborta hem diňe zenan jogapkär" diýlen düşünje bar. Kitapçadaky abort barada lukmançylyk jähtinden dogry maglumatlar saňa öz çözgüdiňi saýlap almana kömek berer diýip umyt edýäris.

Tebigaty goramak jemgyýeti Aşgabadyň ýaşaýjylaryny plastmassa, aýna, galyndy kagyzlaryny zir-zibile zyňman, olary ýörite ýygnaýan nokatlaryna tabşyrmagy çagyrýar. Taslamanyň işgärleri bilen telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 63 86 43 55.

Saglyk.orgСOVID-19 ähli soraglaryňa jogaplar. Oka, goran, paýlaş! Bizi IMO-da hem yzarlaň! (Group Name: Saglyk; Group ID: 15022763

Wirus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy täze koronawirus (Covid-19) barada ýaýran toslamalary paş etdi

"Pandemiýa" näme?

Ýüzärlik

Alkogolly içgiler koronawirusdan goraýarmy?

Koronawirusyň (Covid-19) we dümewiň meňzeşlikleri we tapawutlary

Oksolin ýagy (оксоли́новая мазь) koronawirusyň ýokuşmagynyň oňüni alýarmy?

Covid-19 wirusy näçe wagtlap zatlaryň ýüzünde diri galyp bilýär?

Ibuprofen dermany Covid-19 bilen kesellänleriň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýarmy?

Günüň aşagynda durmak koronawirusdan (Covid-19) goramaýar

Inçekesel waksinasy koronawirusdan gorap bilýärmi?

Covid-19: immunitet we möwsümleýinlik

Täze koronawirus adamlaryň aglabasyna ýokuşarmy?

SARS-COV-2 wirusyny kontrolda saklap, aradan aýryp ýa-da ýok edip bolýarmy?

SARS-COV-2 wirusy jynsy gatnaşykda spermanyň (dölüň) üsti bilen ýokuşyp bilýärmi?

Jemgyýetçilik basseýnlerine haçan arkaýyn gidip bolar?

Atipiki pnewmoniýa näme?

Adam jaýlananda howpsuzlyk we hormat

Burnum ys alanok. Bu koronawirusyň alamatymyka?

Alymlar koronawirusyň howada saklanmagy barada BSGG-a ýüzlenýärler

Covid-19 bilen keselländen näçe wagt geçensoň adamlar bilen gatnaşyp bolýar?

Okyjydan: Koronawirus simptomsyz hem geçip bilýär diýýilýär, düşündiräýseňiz

Covid-19: Nädip dezinfeksiýa etmeli?

Okyjydan: Hlory ýa-da natriniň gipohloridini howa sepmek koronawirusy öldürip bilýärmi?

Okyjydan: Bir gezek Covid-19 bilen keselläp gutulsaň, kesel täzeden ýokuşyp bilýärmi?

ELLERI NÄDIP DOGRY ÝUWMALY?

SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

Image

Salamlaşanyňyzda

BOLMAÝAR:

Elleşmek;

Gujaklaşmak;

Öpüşmek.

BOLÝAR:

Baş egmek;

Mylaýym ýylgyrmak;

Eliňi galgatmak;

Eliňi ýüregiňe goýup egilmek.

A SEN NÄDIP SALAMLAŞÝARSYŇ?

#salamlaşmak #koronawirus

  • 24158 gezek okalan