KORONAWIRUSDAN MASKA GORAÝAR DIÝÝÄRLER. DERMANHANA YLGAMALYMY? SAKLANYŇ, SAKLANYŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

koronawirus maskaMediýada dürli hünärmenler wiruslara garşy göreşmek üçin maska geýmegi maslahat berýärler.

Onda dermanhana ylgamalymy?

Biraz aýak çekiň! Bu maslahatlar ylma eýermeýär. Size maskanyň hökman däl bolmagy gaty mümkin.

Gysgaça aýtsak, uly lukmançylyk guramalary näsag däl we hassahanada işlemeýän adamlara maska ulanmagy maslahat berip bilmeýärler, sebäbi maskanyň goraýyş peýdalary subut edilmedik. Teoretiki taýdan hem maskalaryň peýdalaryndan zyýanlary köp bolup durýar:

↪ Maska gözleri örtmeýär. Gözler bolsa wiruslaryň köpüsiniň adama ýokuşmak üçin ulanýan esasy köprüleriniň biridir.

↪ Maska agzy we burny ykjam örtmeýär. Şonuň üçin wirusa ol ýerlere girmek kyn düşmeýär.

↪ Deşikleri uly maskalary kinniwanja damjalar böwsüp geçip bilýärler. Maskanyň deşikleri näçe kiçi bolsa, ol şonçada asgyran adamdan syçraýan damjalardan gowy gorap bilýär.

↪ Maskalary dogry şekilde geýmegiň aňsat we oňaýly däldigi sebäpli, olaryň ýetirip biljek peýdalary hem azalýar.

Onda näme üçin hemmeler maskanyň gürrüňini edýärler? Olar nämä gerek?

Maskalary ulanmak üsgürende we asgyranda wiruslary ýa-da bakteriýalary ýaýratmazlyk üçin näsaglara maslahat berilýär. Şeýle-de, maskalary hirurglar geýýärler, emma heniz maskanyň ýarany infeksiýalardan goraýandygyny gözkezýän subutnama ýok. Emma maska lukmany näsagyň biologik suwuklyklarynyň syçramasyndan goraýar.

Onda wirusdan goranmak üçin näme etmeli?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) wiruslaryň köpüsinden goranmak üçin ýönekeý we uniwersal usullary maslahat berýär:

▶ Elleriňizi wagtly-wagtynda we dogry ýuwuň: tutuş elleriňi azyndan 20 sekuntlap sabyn bilen ýuwmaly we mazaly durlamaly. Soňra guratmaly. Eger sabyn ýok bolsa, antiseptik gel ulanmaly.

▶ Hapa elleriňiz bilen ýüzüňizi ellemäň, esasanam burnuňyzy, agzyňyzy we gözleriňizi.

▶ Asgyrýan, üsgürýän, we gyzzyrýan adamlara ýakynlaşmaň.

▶ Eti we ýumurtgany dogry temperaturada mazaly bişiriň.

Men şonda-da maska geýmek isleýärin? Ony nädip dogry geýmeli?

Uniwersal maslahat: maskanyň gabyndaky görkezmeleri berjaý ediň. Goşmaça maslahatlar:

◉ Maskany elmydama töweregiňde adam bar wagty geýmeli (hatda öýde maşgalaň arasynda hem);

◉ Maskany geýeniňizde simini epläp burnuňyz mazaly örtüler ýaly ediň;

◉ Lukmançylyk maskasyny diňe bir gezek ulanyp bolýar;

◉ Maska geýeniňizde ony ellemäň;

◉ Maska hapalansa ýa-da öllense, haýal etmän çalyşyň;

◉ Maskany rezininden ýa-da bagjygyndan tutup çykaryň;

◉ Maskany çykaranyňyzdan soňra elleriňizi sabyn bilen ýuwuň.

FFP2 respiratorlar maskalardan has peýdalydyr. Käbir beýleki respiratorlar, meselem FFP1 daşyndan berk görünse-de, goraýyş ukyby gowşak bolýar. BSGG FFP2 maskany lukmançylyk işgärlerine ulanmagy maslahat berýär. Emma onuň hem öz kemçilikleri bar:

◈ Beýle respiratorlar bilen dem almak kyn bolýar, esasan hem uzak wagtlap. Şonuň üçin hem, dem alyş ýollarynyň ýa-da ýürek-damar ulgamynyň hroniki kesellerinden ejir çekýänlere, şeýle-de akyl taýdan saglyk ýagdaýy gowşak adamlara beýle respiratorlary ulanmak howp salyp bilýär. Olary ulanmazdan öňürti lukman bilen maslahatlaşmaly.

◈ Beýle respiratorlar çagalara ýa-da sakgal-murtly adamlara laýyk bolmaýar. Şol sebäpli hem goraýyş güýji peselýär.

Makalanyň asyl nusgasy