COVID-19 ÇILIMKEŞLERE WE TEMMÄKI ULANÝANLARA HAS ULY HOWP SALÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 we cilim smSORAG:

COVID-19 çilimkeşlere we temmäki ulanýanlara has uly howp salýarmy?

JOGAP:

Çilimkeşleriň COVID-19 bilen göreşmekde ejiz gelmekleri örän ähtimal. Çünki çilim çekýän adamyň barmaklary (mümkin üstüne wirus düşen çilimleri hem) dodaklaryna köp degýär. Bu bolsa wirusyň elden agza geçme mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de, çilimkeşleriň eýýäm öýken keselleriniň ýa-da gowşak öýkenleriniň bolmagy ähtimal – bu ýagdaýlaryň ikisi hem çilimkeşi agyr keseller bilen kesellemek howpy astynda goýýar.

Suw çilim ýaly çilimler çekilende, köplenç agza salynýan enjamlary ýa-da şlanglary başgalar bilen paýlaşmaly bolýar. Bu hem COVID-19 wirusynyň köpçülikde we üýşmeleňli ýerlerde ýokuşmagyna ýol açýar.

Kislorod zerurlygyny ýokarlandyrýan ýa-da bedeniň kislorody dogry ulanyş ukybyny peseldýän ýagdaýlar näsaglaryň pnewmoniýa ýaly agyr öýken kesellerine uçrama howpuny ulaldýar.

covid 19 we cilim