ÝASAMA DERMANLARYŇ "PARALLEL PANDEMIÝASY"

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 yasama dermanÖsüp barýan ýurtlarda koronawirus bilen baglanyşykly ýasama dermanlaryň gün-günden köpelýändigini BSGG habar berýär. BSGG bu dermanlary kabul etmegiň howply gaýraüzülmelere eltip bilýändigini aýdýar.

COVID-19 krizisiniň içinde ýasama dermanlar we serişdeler ösüp barýan döwletlerde sil bolup akýar. Bu ýagdaý galp önümleriň "parallel pandemiýasyny" döredip biler.

COVID-19 pandemiýasy yglan edileni bäri, global farmasewt jenaýatlarynyň polisiýasy wirus üçin çykarlan on müňlerçe galp önümleri ele saldy. Olaryň içine ýasama maskalar we dermanlar hem girýär.

Sosial çetleşdirmeler sebäpli dünýäde lukmançylyk serişdeleriniň iň esasy iki öndürijisi Hytaýda we Hindistanda önümçiligiň haýallamagy lukmançylyk önümlerine talaby has hem artdyrýar.

Çeşme: BBC