KORONAWIRUS: GARTAŞAN GARYNDAŞLARYŇY NÄDIP GORAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 gartasan garyndasCovid-19-yň ilki dörän ýeri bolan Hytaýda geçirilen barlaglar, koronawirus ýokuşan adamyň ýaşy uly boldukça, onuň üçin howpuň artýandygyny görkezýär.

Netijede, gartaşan adamlar we olaryň ýakynlary näme çäreler görmeli?

BBC Londondaky Saint-George Uniwersitetiniň wirusology, professor doktor Elizabetta Groppelliden gartaşan adamlary nädip goramalydygyny sorap ýüzlendi.

Ol: "Munuň ýönekeý ýoly bar: ýaşyňyz 65 geçen bolsa – öýde oturyň. Goranmagyň esasy usuly: daş-töwerekdäki adamlar bilen aragatnaşygy çäklendirmek, aragatnaşykda bolsa, zerur aralygy saklamak". – diýýär.

Şeýle hem doktor Groppelli koronawirusdan waksinanyň ýoklugy sebäpli, gartaşan adamlary goramagyň we olara wirusyň ýokuşmagynyň öňüni almagyň möhümdigini belledi.

Ol öňüni alyş çäreleri görmegi, emma dowula düşmezligi maslahat berýär.

Gartaşan garyndaşlarymyzy görmäge barmazdan ozal özümize bermeli soraglar:

↪ Men gyzzyrýanmy (37,5 ýokary temperatura)?

↪ Gury üsgülewügim barmy?

Sözüniň soňunda hünärmen çetleşmek – ýöne öýden çykman oturmak däl-de, edýän ähli hereketlerimize hüşgär bolmagymyzy nygtaýar.

ABŞ-nyň keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezleri (СDC) ilata gartaşan garyndaşlaryny goramak babatynda goşmaça maslahatlar berýär:

↪ ýakynlaryňyzyň näme dermanlar ulanýandygyny sorap, zerur bolanda, olar üçin bu dermanlary siz alyp bilersiňizmi, muny öwreniň;

↪ ýakynlaryňyz azyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün edilenmi?;

↪ gartaşan adamlaryň dükana gatnamagyny seýrekleşdirer ýaly, uzak wagtlap zaýalanmaýan azyk önümlerini satyn almaly.

Ulanylan WEB Salgy