COVID-19 WIRUSYNYŇ BÖWREKLERE TÄSIRI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

covid 19 bowrek dializCOVID-19 wirusynyň öýkenden başga organlara-da täsir edýändigi baradaky subutnamalar gün-günden artýar. Koronawirusdan agyr kesellän näsaglarda esasan respirator ulgamy ýaramazlaşýar ýa-da togtaýar. Emma köp näsaglar ýürek, böwrek, merkezi nerw ulgamy we bedeniň beýleki bölekleri bilen baglanyşykly näsazlyklary hem başdan geçirýärler. Esasan hem, COVID-19 näsaglarynyň arasyndaky böwrek ýetmezçiligi dialize we böwrek çalyşmak terapiýasyna talaby artdyrýar. Böwrek ýetmezçiligi dürli faktorlaryň netijesinde döräp bilýär. Meselem, COVID-19 näsaglary üçin ulanylýan bejergiler ýa-da näsaglaryň immun ulgamlary artykmaç işläp (sitokin ştormy) organlara we muskullara zeper ýetirip bilýär. Emma bu zeperlere wirusyň özüniň sebäp bolup bilýändigi barada subutnamalar çykyp başlady. COVID-19 wirusynyň kliniki ösüşini we alamatlaryny doly suratlandyrmak üçin goşmaça ylmy barlaglar zerur. Häzirlikçe bolsa, COVID-19 wirusy köp dürli öýjüklere ýokuşyp, bedene köp dürli zyýan ýetirip bilýän ýaly görünýär.

Çeşme: John Hopkins Bloomberg Sсhool of Public Health