ORAZALARYŇYZ KABUL BOLSUN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

covid 19 ramazanPandemiýa döwründe Oraza aýyny rahat we howpsuz geçirmegiňizi arzuwlap, biz size BSGG-nyň Oraza degişli maslahatlaryny ýetirýäris:

↪ Köp adamly üýşmeleňler geçirmäň.

↪ Oraza bilen baglanyşykly dini we sosial üýşmeleňlere gatnaşmak we geçirmek üçin telewideniýeden, radiodan, ýa-da internetden peýdalanyň.

↪ Adamlar bilen araňyzda azyndan 1 metr aralyk saklamagy dowam ediň.

↪ Salamlaşmanyň we sagbollaşmanyň medeni we dini taýdan kabul edilýän we fiziki aragatnaşygy talap etmeýän görnüşlerini ulanyň (eliňi galgatmak, başyňy egmek, eliňi ýüregiňde goýmak we ş.m).

↪ Özüni gowy duýmaýan ýa-da COVID-19-yň alamatlaryny görkezýän adamlara öýden çykmazlygy we lukmana görünmegi maslahat beriň.

↪ Ýaşuly adamlara we ýiti hronik kesellerden ejir çekýänlere köpçülige çykmazlygy maslahat beriň.

↪ Sadaka bereniňizde hem fiziki aralygy saklamagy unutmaň. Sadaka bermek maksady bilen üýşmeleňleri gurnamakdan saklanyň. Oňa derek, iýmiti bir adamlyk gutulara salyp we paýlap berýän hyzmatlary ulanyň.

↪ Agyz beklemek bilen COVID-19 arasyndaky baglanyşygy derňeýän ylmy barlag heniz geçirilmedi. Sagdyn adamlar agyz bekläp biler, emma COVID-19 keselliler muny lukmanlary bilen maslahatlaşmaly.

↪ Oraza aýynda fiziki taýdan aktiw bolmak isleýänlere maşklary öýde dowam etmek ýa-da daşarda edilen ýagdaýynda fiziki aralygy saklamak maslahat berilýär.

↪ Oraza aýynyň dowamynda bedeni ýeterlik iýmit we suw bilen üpjün etmek örän möhümdir. Adamlar dürli görnüşli täze we elin taýýarlanylan iýmitleri hem-de bol suw kabul etmeli.

↪ Oraza aýynda, esasan hem häzirki pandemiýa döwründe temmäki ulanmak maslahat berilmeýär. Çilimkeşlerde eýýäm öýken keselleriniň ýa-da öýken gowşaklygynyň bar bolmagy ähtimal. Bu bolsa olary COVID-19 howpy astynda goýýar.

↪ Adamlaryň hereketleriniň çäklendirilen pandemiýa döwründe çagalara, aýallara, we saglyk taýdan ejiz adamlara garşy öýdäki zulumlaryň sanynyň artmagy mümkin. Bu döwürde hemmeler öýdäki zuluma garşy çykmaga we pidalar kömek gözlemäge çagyrylýar.

Çeşme: BSGG