COVID-19: REMDESIWIR DERMANYNYŇ NETIJELERI
ABŞ-nyň Allergiýa we ýokuşýan keselleriň döwlet institutynyň (NIAID) çap eden kliniki barlagynyň netijelerine görä, remdesiwir dermany berlen koronawirus keselli näsaglar platsebo dermanyny içenlerden 4 gün öňürti sagalypdyrlar.
NIAID-niň direktory Antoni Fauçi bu netijeleriň örän ähmiýetlidigini emma meseläniň soňuna nokat goýjak derejede däldigini belleýär. Remdesiwir berlen näsaglaryň 8%, platsebo topardakylaryň 11.6% öldi – bu tapawut bolsa statistiki taýdan uly däl. NIAID ýakyn wagtda has jikme-jik maglumatlaryň çykaryljakdygyny aýdýar.
"Bejergi ir berilse iň gowy netijäni bermegi mümkin. Esasy zat näsaglary irgözin anyklamak" diýip, Boston Lukmançylyk Merkeziniň direktory N. Bhadelia belleýär.
- 1545 gezek okalan