KARANTINDEN PEÝDALANMAGYŇ AHLAK TARAPY NÄHILI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 caklendirmelerÝokanç keselleriň ýaýramagynyň ähtimal döwründe ilatyň saglygyny goramak üçin raýatlaryň hereketi çäklendirilýär. Şeýle çäklendirmeler olaryň daşaryk çykmagynyň gadagan edilmeginden başlap, edara-kärhanalaryň we mekdepleriň ýapylmagyny, adamlaryň öýlerinden çykmasyz edilmegini, lukmançylyk desgalarynda mejbury karantinde saklanmagy öz içine alýar.

Keseliň ýaýrandygy çaklanylýan döwürde ilatyň saglygyny goraýyş çärelerini geçirmegiň maksady erkinlik bilen bagly mejbury çäklendirmeler hem-de raýatyň erkinliginiň arasyndaky deňligi sazlamakdan ybaratdyr. Bu gelinýän kararlary köpçülikleýin we aýdyň delillendirmek we halkyň saglygyny kanunalaýyk goramak üçin edilýär.

Ilatyň saglygy bilen baglanyşykly şeýle maksatlar durmuşa geçirilende girizilýän çäklendirmeler mümkingadar az bolmaly. Adamyň erkinligine agyr täsir ýetirýändigi sebäpli, karantinden iň çykgynsyz ýagdaýda peýdalanylmaly. Nädogry ýa-da netijesiz ulanylan halatynda, ol adamlaryň hökümete bolan ynamyna ýiti zyýan ýetirip biler.