SARS-COV-2 WIRUSYNY KONTROLDA SAKLAP, ARADAN AÝRYP ÝA-DA ÝOK EDIP BOLÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

can we beat sars cov 2Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda keseliň öňüni alyş 3 termin arkaly suratlandyrylýar:

↪ Kontrolda saklamak bilen keseliň ýokuşmasy, howpy we ýaramaz täsirleri azaldylýar. Berk kontrolda saklanýan kesellere bürmek keseli (stolbnýak) we täjihoraz (difteriýa) degişli.

↪ Aradan aýyrmak – bu keseli kontrol astyna alyp, onuň belli bir ýere tebigy taýdan ýaýramasyna ýol bermezlikdir. Meselem, poliomiýelit keseli Amerika materiginde aradan aýryldy.

↪ Ýok etmek diýlip, wirus ýaly ýokuşýan keseli göterijini tebigatdan doly aýryp, global derejede soňuna çykylmagyna aýdylýar. Muňa mama keseli (ospa) mysal bolup biler.

Keseli kontrolda saklamak we aradan aýyrmak köplenç jemgyýetçilik saglygy goraýyşa üýtgeşmeler girizmegi (meselem, waksina ulanmak) öz içine alýar. Emma kesel ýok edilenden soňra üýtgeşmeleriň geregi bolmaýar.

COVID-19 meselesinde, waksinalaryň keseli kontrolda saklamaga kömek etjekdigi çaklanylýar. Emma heniz wirusyň ýok ediljegi barada bir zat diýerden ir.

Patogeni (kesel dörediji) haçanda ol diňe adamlara ýokuşýan bolsa ýok edip bolýar. Emma COVID-19 keseline sebäp bolýan SARS-CoV-2 wirusy haýwanlara hem ýokuşyp bilýär. Şonuň üçin hem bu patogeni ýok etmek mümkin bolmasa gerek.