KONDISIONER COVID-19 ÝAÝRAMAGYNA GETIRIP BILERMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Covid 19 kondisionerZähmet gigiýenasy hünärmenleriniň "gözegçilik düzgünnamasyna" laýyklykda, kondisioner we wentilýasiýa ulgamlary köpçüligiň üýşýän ýapyk binalarynda infeksiýalaryň ýaýrama howpuny azaltmak üçin ulanylýan netijeli gözegçilik usuly hasaplanýar.

Wentilýasy ulgamy sazlaşykly işlän ýagdaýynda, ýokuşma töwekgelçiligi ýokary bolmaly däl. "Sazlaşykly işleýän" diýmek bilen, ulgamyň wagtly-wagtynda barlaglardan geçirilmegi, filtrleriň öndürijiniň maslahatlaryna laýyklykda çalşylyp durulmagy, turba geçiriji ulgamlaryň wagtly-wagtynda arassalanmagy we iň ýokary netijeli filtrleriň (meselem, ýaşaýyş jaýlary üçin: MERV [bölejikleri minimal geçiriş ululygy] 13 – 16 bolan filtrler; keselhanalar üçin: HEPA [ýokary netijeli howa filtri] filterleriň) ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Esasy zat, wentilýasiýa ulgamlarynyň sazlaşykly işleýän ýerlerinde hem, adamlar bilen aralyk saklamak, agzyňy we burnuňy örtmek we ýygy-ýygydan el ýuwmak maslahatlaryny berjaý etmeli.  

Häzirki wagtda, düzgünlere laýyklykda işleýän kondisioner, wentilýasiýa, ýa-da beýleki howa arassalaýjy ulgamlaryň COVID-19-yň ýaýramagyna goşant goşýandygyny tassyklaýan delil ýok.