MASKANY NÄDIP DAKYNMALY, ULANMALY, AÝYRMALY WE ZYŇMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

maskany nadip ulanmalyEger maska geýýän bolsaň, onuň ulanylyş düzgünlerini hökman bilmeli.

↪ Maskany dakynmazdan öňürti, elleri alkogolly serişde (antiseptik) ýa-da sabyn we suw bilen arassalamaly.

↪ Maska bilen agzyňy we burnuňy örtmeli. Ýüz bilen maskanyň arasynda açyklyk galmaly däl.

↪ Maska dakynýan wagtyň ony ellemekden saklanmaly. Ellän ýagdaýyňda, elleriňi alkogolly serişde ýa-da sabyn we suw bilen ýuwmaly.

↪ Bir gezeklik ulanylýan maskalary ikilenç ulanmaly däl. Eger maska öllense ýa-da deşilse, haýal etmän çalyşmaly.

↪ Maskany arkasyndan tutup aýyrmaly. Onuň öň tarapyny ellemeli däl.

↪ Maskany aýryp, derrew üsti ýapyk zibil gutusyna zyňmaly. Soňra elleri alkogolly serişde ýa-da sabyn we suw bilen arassalamaly.

↪ Asgyrýan ýa üsgürýän adam hökman maska dakynmaly.

Maska dakynmak diňe ýany bilen eller hem arassa saklanylanda peýda berýär.