COVID-19: KARATIN WE IZOLÝASIÝA NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

karantin nameKARANTIN Covid-19 ýokuşan şahs bilen ýakyn gatnaşykda bolan adamlary jemgyýetden çetleşdirýär.

Eger-de Covid-19 ýokuşan adam bilen ýakyn gatnaşykda bolan bolsaň:

↪ Onuň bilen iň soňky görüşmäňden 14 gün geçýänçe öýde gal;

↪ Beden temperaturaňy günde iki gezek ölçe we Covid-19 alamatlarynyň peýda bolup-bolmaýandygyna gözegçilik et;

↪ Mümkin boldugyndan Covid-19 bilen agyr keselleme howpy ýokary bolan adamlardan uzak dur.

IZOLÝASIÝA – Covid-19 bilen keselläni ýa-da alamatlaryny görkezmeýän emma Covid-19 barlag netijesi pozitiw çykan şahsy beýlekilerden hatda bir oýde hem bolsa aýry saklamakdyr.

Syrkawlan bolsaň we Covid-19 ýokuşandyr öýtseň şu alamatlar geçýänçe öýde gal:

↪ 3 gün gyzzyrmasyz;

↪ Alamatlary gowşaýança;

↪ Ilki alamatlar dörän mahalyndan 10 gün geçýänçe.

Eger-de Covid-19 barlag netijesi positiw görkezip, emma alamatlary ýok bolsa. Barlag netijäň pozitiw çykansoň 10 gün geçýänçe öýde gal.

Eger öýde ýeke ýaşamaýan bolsaň, ýörite ýeke galýan otagyňda ýa-da öýüň aýry böleginde gal. Beýleki adamlardan we haýwanlardan gaça dur, şol sanda öý haýwanlaryndan. Mümkin bolsa, aýratyn hajathana we banýa ulan.

Çeşme: CDC