ALYMLAR KORONAWIRUSYŇ HOWADA SAKLANMAGY BARADA BSGG-A ÝÜZLENÝÄRLER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 howada saklanmagyGöze görünmeýän COVID-19 damjalarynyň howada öňki pikir edileninden has uzak wagt saklanýandygy barada subutnamalar gün-günden artýar. Alymlaryň ençemesi BSGG-ny wirus baradaky gollanmasyny üýtgetmäge çagyrdy

30 ýurtdan 200-den gowrak alym bilelikde BSGG-a ýüzlenip hat ýazdylar. Hatda uzak wagtlap ynanylan "SARS-CoV-2 wirusy esasan ýere gaçýan damjalar arkaly ýokuşýar" diýen pikir tankytlanylýar. Hat ýakyn günlerde Kliniki Ýokuşýan Keseller (CIC) žurnalynda çap edilmeli.

Eger alymlaryň maslahatlary kabul edilse, şeýle üýtgeşmeler bolup biler:

↪ Saglyk işgärleri üçin N95 maskalar;

↪ Ara daşlygy uzak ýerlerde-de maska geýmek;

↪ Içerlerde howanyň tiz-tizden çalşyp durmagy üçin has güýçli filtrli wentilýasiýa ulgamlaryny gurnamak;

↪ Içerlerdäki wirus damjalaryny öldürmek üçin ultramelewşe şöhlelerini ulanmak.

Haýal hereket edýändigi üçin tankytlanylýan BSGG, bu meselä ýakyndan seretmäge söz berdi. Şol bir wagtda, BSGG üýtgeşmeleriň pes harajatly (resursly) döwletlere edýän täsirini göz öňünde tutmaly bolýandygy üçin meselelere seresaply çemeleşýändigini aýtdy.