СOVID-19-DAN GORANMAK ÜÇIN NÄDIP SAGDYN IÝMITLENMELI, IMMUNITETI NÄDIP GÜÝÇLENDIRMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

covid 19 nadip iymitlenmeliCOVID-19 pandemiýasy ähli ýaşdaky adamlara täsir edýän hem bolsa, bu garrylara we hroniki kesellerden ejir çekýänlere has uly howp salýar. Doýgun ýaglary, şekeri, we saplanan uglewodlary uly möçberlerde öz içine alýan iýmitleniş usuly (Günbatar Iýmitlenişi) dünýä ýüzünde semizlige we 2 tipli süýjüli diabete goşant goşýar. Günbatar Iýmitleniş usuly bilen iýmitlenýän milletlere COVID-19 has uly şikes we ölüm howpuny salýar. Günbatar Iýmitlenişi dogabitdi immun ulgamyny hereketlendirýär we adaptiw (uýgunlaşyjy) immuniteti ýaramazlaşdyrýar – bu bolsa hroniki çişmeleri döredip, bedeniň wirusa garşy göreşmek ukybyny gowşadýar. Şonuň üçin hem, şu wagt ýokumly iýmitleriň ähli ýerde elýeter edilmesi örän möhümdir. Adamlar COVID-19 keseliniň döredip bilýän uzak wagtlyk näsazlyklaryndan goranmak üçin sagdyn iýmitleniş endiklerine üns bermeli. COVID-19 pandemiýasynda sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Iýýän-içýän zatlarymyz bedenimiziň infeksiýalardan goranyş, göreşiş, we gutulyş ukybyna täsir edýär.

Hiç bir iýmit ýa-da iýmit goşundysy COVID-19 ýokuşmasynyň öňüni alyp bilmese-de, ýokumly iýmitler immun ulgamynyň dogry işlemegine kömek edýär. Şeýle-de, kadaly we dogry iýmitlenmek beýleki birnäçe keselleriň döreme ähtimallygyny azaldyp bilýär (semizlik, ýürek keselleri, süýjüli diabet we ragyň käbir görnüşleri).

Çagalary dogry iýmitlendirmek üçin 6 aýa çenli diňe ene süýdüni bermeli. 6 aýdan 2 ýaşa çenli, ene süýdüniň gapdaly bilen ýokumly we howpsuz iýmitleri berip başlamaly. Ýaş çagalaryň sagdyn ösüşi üçin ýokumly we kadaly iýmitleniş möhümdir. Ýaşulular üçin bolsa, sagdyn iýmitlenmek we hereketde bolmak durmuşyň özenidir.

Sagdyn iýmitlenişi saklamak üçin maslahatlar:

1. Miweleri we gök-önümleri öz içine alýan, dürli görnüşli iýmitleri iý;

2. Duzy az kabul et;

3. Ýaglary çaky bilen iý;

4. Şekeri çäklendir;

5. Ýeterlik suw iç;

6. Alkogoly zäherli we zyýanly möçberde kabul etmekden saklan;

7. Bäbekleri we ýaş çagalary emdir.