ALKOGOL YSGAMAK KORONAWIRUSDAN GORAP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

covid 19 alkogol ysgamak

Soňky bir aýyň içinde Aleksandr Kolosow atly bir lukmanyň wideosy IMO we beýleki platformalarda ýaýrap, rusça gürleýän ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldy. Aleksandr özüni Italiýada 20 ýyldan bäri ýaşaýan lukman diýip tanadýar. Ol wideosynda alkogol ysgamak arkaly COVID-19 wirusyny 1 günüň içinde ýeňendigini aýdýar. Ol bir gün işden öýüne gelensoň, COVID-19-yň ähli alamatlaryny duýup başlaýar we ony ýeňmegiň ugruna çykýar. Netijede, bölek matanyň ýüzüne arak sepip, ony her 30-60 minutdan 3-5 minut ysgap ýatýar. Ertesi gün turanda eýýäm hemme alamatlary ýok bolýar. Ondan soňra hassahana gidip barlagdan geçende hem koronawirus tapylmaýar. Ýöne bu wakany eşidip, gutlamaga howlukmaly däl, sebäbi awtoryň beren gürrüňinde birnäçe logiki problema bar.

Birinji bilen, Kolosow СOVID barlagdan geçmän, diňe alamatlara daýanyp, özüne wirusyň ýokuşandygyny aýdýar. “Barlatman gutuldym” diýmesiniň özi eýýäm onuň ynamdarlygyny gowy pese düşürýär. Belki ol diňe dümewländir ýa-da uzyn iş hepdesinden soňra ýadandyr. Eger ilki başda barlagdan geçen bolsa we netije pozitiw çykan bolsa, soňra arak ysgap gutulan bolsa, şonda awtorda bir gipoteza dörärdi. Emma o ýagdaýda hem, agzalan bejergi usulynyň hakykatdan hem peýdalydygyny barlamak üçin has köp adamda kliniki barlag geçirmeli bolardy. Kliniki barlagyň netijesini bilmek üçin bolsa, azyndan birnäçe hepde gerek bolardy.  

Galyberse-de, onuň wirusy özüniň anyklamasy, soňra hiç hili ylmy subutnamasy bolmadyk usul bilen öz-özüni bejermesi we bu usuly başgalara maslahat bermesi Kolosowyň hakyky lukmandygyna hem birgiden şübhe döredýär. Ne Bütindünýä Saglyk Goraýyş Guramasy, ne-de başga bir ygtybarly lukmançylyk guramasy alkogolyň koronawirusa ýa-da beýleki kesellere garşy göreşde täsirini, netijelligini tassyklamady.

Bu maslahaty yzarlamak saglyga tersine zyýan ýetirip biler. Alkogolly buglaryndan dem almak dem alyş ýollarynyň zeperlenmegine, adamy serhoş ýagdaýa eltip biler. Spirtli içgiler dem alýan howada wirusy öldürenok; agzyňy we bokurdagyňy dezinfeksiýa etmeýär; we adamy COVID-19-dan goramaýar.

Alkogolly içgileri içmek koronawirusyň ýokuşmagynyň öňüni almaýar. Artykmaç alkogol kabul etmek immun ulgamyny gowşadyp, pnewmoniýa ýaly keselleriň döremegine getirip bilýär.

Alkogolly serişdeler zatlaryň üstüni wiruslardan we bakteriýalardan dezinfisirlemek üçin ulanylyp bilner. Koronawirusdan goranyş maslahatlaryny diňe BSGG (WHO) we Saglyk.org ýaly ygtybarly çeşmelerden alyň.