COVID-19 BILEN KESELLÄNDEN NÄÇE WAGT GEÇENSOŇ ADAMLAR BILEN GATNAŞYP BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

covid 19 isolation

COVID-19 ýokuşan bolsa ýa-da ýokuşandyr öýtseň, hökmany suratda öýde gal we beýlekilerden çetleş. Bu COVID-19 ýaýramagynyň öňüni alar. Eger-de wirusyň agyr alamatlary bar bolsa (şol sanda dem alma kynçylygy), haýal etmän gyssagly lukmançylyk kömegine ýüz tut.

Haçan beýlekiler bilen ýene gatnaşyp bilmegiň (öý izolýasiýasyndan çykmagyň) käbir şertlere balgydyr.

Meniň COVID-19 barlag netijäm positiw çykdy, emma hiç hili alamatlary ýok.

Eger-de alamatlary ýüze çykman şeýle dowam etse, onda:

► Barlagdan 10 gün geçensoň beýlekiler bilen gatnaşygyňy dikeldip bilersiň.

Lukmanyň maslahatyna we barlaglaryň elýeterliligine baglylykda, täzeden COVID-19 barlagyndan geçmeli bolup bilersiň. Barlagdan geçmeli bolaňda, azyndan 24 sagat aralykly geçirilen 2 sany barlagyň netijesi negatiw çykan halatynda beýleki adamlar bilen gatnaşykda bolmagyňy dowam edip bilersiň.

Barlag netijesi pozitiw çykansoň alamatlary ýüze çykyp başlasa, aşakdaky “Maňa COVID ýokuşdy ýa-da ýokuşandyr öýdýän we alamatlary hem bar” diýen gollanma laýyklykda hereket et.

Maňa COVID-19 ýokuşdy ýa-da ýokuşandyr öýdýän we alamatlary hem bar.

Şu şertlerde beýlekiler bilen gatnaşyp bilersiň:

► 3 gün gyzzyrmasyz we

► Dem alyş alamatlary gowlaşsa (meselem: üsgürme, dem ýetmezçiligi) we

► Ilki alamatlar ýüze çykandan 10 gün geçensoň.

Lukmanyň maslahatyna we СOVID-19 testleriň elýeterliligine baglylykda, täzeden COVID-19 barlagyndan geçmeli bolup bilersiň. Barlagdan geçmeli bolaňda, azyndan 24 sagat aralykly yzygiderli geçirilen 2 barlagyň netijesi negatiw çykan, gyzzyrmaň bolmadyk we dem alyş alamatlary gowlaşaýan ýagdaýynda, beýleki adamlar bilen gatnaşykda bolmagyňy dowam edip bilersiň.

Saglyk ýagdaýym ýa-da alýan dermanlarym sebäpli immun ulgamym gowşak. Men haçan beýleki adamlar bilen aragatnaşygymy dikeldip bilerin?

Immun ulgamy gowşak adamlar 10 günden kän öýde galmaly bolmagy mümkin. Goşmaça maglumat almak üçin bejerýän lukmanyňa ýüzlen. Eger-de ýaşaýan ýeriňde COVID-19 barlagy elýeterli bolsa, lukmanyň barlagdan geçmegi maslahat berip biler. Azyndan 24 sagat aralyklarda yzygiderli geçirilen 2 barlagyň netijesi negatiw çykan halatynda beýleki adamlar bilen gatnaşykda bolmagyňy dowam edip bilersiň.

Eger-de ýaşaýan ýeriňde COVID-19 barlagy ýok bolsa, onda seniň beýlekilere COVID-19 ýokuşdyrma ähtimällygyň we öýde galma möhletiňi uzaltmak meselerini kesgitlemek üçin, bejerýän lukmanyň bilen bilelikde işleşmelidir.

COVID-19 bilen kesellän adamyň töwereginde bolan her kim üçin!

COVID-19 bilen kesellän adam bilen gatnaşykda bolan her kim onuň bilen iň soňky görüşen gününden keselçiligiň inkubasiýa möhleti bolan 14 günüň dowamynda öýde galmalydygyny ýatda saklamak möhümdir.

Ulanylan WEB Salgy