OKYJYDAN: MASKA ÇYNDANAM COVID-19 GARŞY GÖREŞMÄGE KÖMEK EDIP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Maskanyň nähili işleýändigine düşünmek üçincovid 19 maska komegi, ilki bilen COVID-19 keseline sebäp bolýan wirusyň nädip ýaýraýandygyny anyklaşdyrmaly.

Bir adama ýokuşanyndan soňra, Sars-CoV-2 wirusy özüni köpeltmek üçin ol adamyň öýjüklerini basyp alýar. Bedende wirus köpeldigiçe, ol öýjükleri böwsüp çykýar we öýkendäki, agyzdaky we burundaky beden suwuklyklaryna ýaýraýar. Haçanda wirus ýokuşan adam üsgürende, ol aerozol diýlip atlandyrylýan, içi wirusdan doly maýdajyk suw damjalaryny howa syçradýar.

Ýekeje üsgülewükden 3,000 töweregi damja syçrap bilýär. Hatda gürläniňde hem wirusyň ýaýrap bilýändigi barada çaklamalar bar. Ýakynda geçirilen ylmy işe görä, biz diňe "sag bol" jümlesini aýdanymyzda hem, göze görünmeýän müňlerçe damjalary howa syçradýarys.

Agzymyzdan çykýan uly damjalar derrew töwerekdäki zatlaryň üstüne baryp düşýärler. Emma kiçi damjalar welin, howada birnäçe sagatlap saklanýarlar we şol howadan dem alýan adamyň içine düşüp bilýärler. Heniz wirusyň kondisionerli otaglarda we daşarda özüni nähili alyp barýandygyna doly düşünilmeýär. Şeýle-de bolsa, wirus howa aýlanyşygy bolan ýerlerde ýere çalt gaçýar diýlip çaklanylýar. Wirusyň binalardaky wentilýasiýa ulgamlarynyň üsti bilen ýaýrap bilýändigini hem habar berýärler.

ABŞ-daky Allergiýanyň we Ýokanç Keselleriň Milli Institutynyň geçiren ylmy barlagynyň netijesi Sars-CoV-2 wirusynyň aerozol damjalarynda azyndan üç sagat diri galyp bilýändigini görkezýär. Ýakynda çykan, emma heniz çap edilmedik ylmy barlaga görä bolsa, aerozol damjalarynda saklanyp galan Sars-CoV-2 wirusy 16 sagatdan soň hem ýokuşyp bilýär. Şeýle-de, bu ylmy iş bu wirusyň, beýleki öwrenilen koronawiruslara garanyňda, aerozol damjalarynda has gowy saklanyp bilýändigini belleýär. Barlaglaryň ikisi hem, dogry şertlerde wirusyň howada birnäçe sagatlap durup we ondan dem alan adamlara ýokuşyp bilýändigini teklip edýärler. Içerlerde bolsa, wirus esasan howanyň üsti bilen ýaýraýana meňzeýär.

Hytaýdaky 318 sany COVID-19 ýaýramasynyň analizleri wirusyň köplenç içerki gurşawlarda, esasan hem öýlerde, jemgyýetçilik ulaglarynda, kinoteatrlarda we dükanlarda ýokuşýandygyny görkezýär. Ýagdaýlaryň diňe ýekejesinde wirus adamlara daşarda ýokuşypdyr.

COVID-19 ýokuşan adamlaryň ulanan otaglaryndaky we hajathanalaryndaky howanyň düzüminden hem Sars-CoV-2 wirusynyň genetiki materialy tapyldy. Hytaýda ençeme adama wirus ýokuşan bir restoranda geçirilen barlaglara görä, idili howalandyrylmaýan ýerlerde wirus aerozol damjalarynyň üsti bilen biri-birine ýakyn oturan adamlara ýokuşup bilýär.

Köpçüligiň maska geýmeginiň esasy sebäpleriniň biri hem, wirusy alamatsyz göterýän adamlardyr. Çaklamalara görä, wirus ýokuşan adamlaryň 6-18%-inde keseliň hiç hili alamaty ýüze çykmaýar. Emma olar wirusy başgalara ýokuşdyryp bilýärler. Şeýle-de, wirus ýokuşan adamlarda şol bada alamatlar bildirip başlamaýar. Olar keseliň gizlin döwri bolan inkubasiýa döwrüni geçirýärler. Inkubasiýa döwri 5 günden 14 güne çenli dowam edip bilýär. Inkubasiýa döwründäki adam özi näsaglap başlamazyndan öň hem wirusy birgiden adama ýokuşdyryp bilýär.

N95 we FFP-2 ýaly ýörite ýasalan, bir gezeklik respirator maskalary howanyň düzümindäki zyýanly bölejikleri geçirmeýärler. Olar geýlip dem alnanda howadaky bölejikleriň 94-95%-ini, ýagny 0.3 mikrometr kiçilikdäki bölejikleri hem saklap galýarlar. Wiruslara gezek gelende welin, bu maskalaryň iş başarjaňlygy biraz çylşyrymly. Çünki käbir wiruslar 0.01 mikrometr kiçilikde bolýarlar. Alymlar COVID-19 wirusynyň ölçeginiň 0.07-0.09 mikrometrdigini aýdýarlar. Respirator wiruslary bolsa, 0.1-900 mikrometr kiçilikde bolup, aerozol damjalarynda saklanagan bolýarlar. Şonuň üçin, aerozol damjalaryndaky wiruslardan goranmak has zerurdyr. Käbir öňküräk ylmy barlaglar çak edilişinden kiçi wiruslaryň N95 maskasynyň filtrinden geçip bilýändigini aýdýarlar. Emma N95 maskalarynyň influenzany (dümew wirusy) geçirmän saklamakda peýdalydygy ýüze çykaryldy.

Şeýle-de, käbir ylmy barlaglar respirator maskalarynyň adamlary COVID-19-dan goramakda peýda berýändigini teklip edýärler. Hytaýyň saglyk işgärleriniň arasynda geçirilen bir analiziň netijeleri N95 respirator maskalaryny geýenlere, agyr kesellän näsaglara seretseler hem, wirusyň ýokuşmandygyny görkezýär. Hut şu sebäpli hem, öň hatardaky saglyk işgärlerine N95 maska geýmek maslahat berilýär. Emma welin, eýýäm sany az bolan bu maskalary köpçülik satyn alyp başlasa, wirusly adamlara has köp ýakynlaşýan saglyk işgärleri goragsyz we ejiz halda galarlar. N95 maskalaryny saglyk işgärlerine ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy köpçülige bu maskalary geýmezligi maslahat berdi. Bu köp döwletiň ilatyna maska geýmegi tabşyrmaga ýaýdanmagyna sebäp boldy.

Käbirleri maskanyň ony dakynýan adamlarda ýalňyş gorag duýgusyny oýarmagyndan howatyrlanýarlar. Yale Uniwersitetinde geçirilen, emma heniz çap edilmedik bir ylmy barlaga görä, ABŞ-nyň maska geýmek mejbury edilen ştatlarynda adamlar öýde 20-30 minut az wagt geçirýärler we söwda edilýän ýerlere has köp gidýärler.