OKYJYLARDAN GELEN SORAGLAR (15-18-NJI IÝUL, 2020)

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (5 Ses)

covid 19 gelen soraglarGadyrly okyjylar!

Biz bu ýerde sizden gelýän soraglary (soraglar üýtgedilmän çap edilýär) paýlaşyp durarys we olara jogap tapmaga kömek ederis. Jogaplar Saglyk.org websaýtynyň СOVID-19 bölüminde çap edilýär, Instagramda paýlaşylýar. 2020-nji ýylyň fewral-iýýul aralygynda biz СOVID-19 bilen baglanyşykly 100 golaý material Saglyk.org-da çap etdik. Eger şol soraglaryň arasynda siziň beren soragyňyza jogap ýazylan bolmasa biz täze material taýarlarys.

1. COVID 19 pulun usti bilen gechip bilyarmi? (makala bar)

2. Biz çetràk obasyndan turkmenistanyñ Hazirki yagday Covid 19 kesel biziñ yurdumyzda barmy (BSGG-nyň netijeleri, habarlary, Saglyk.org habarlarynda)

3. Admin maskany nace sagatlap dakynmaly??? (makala bar)

4. Ys/tagam almak kynçylygy COVID-19 alamaty bolup bilermi? (jogap berildi)

5. Testden nirede gechip bolyar? #Mary (bilemzok, okyjylaryň kömegi gerek)

6. Menem ys alamok 1 hepteden bari name etmelika ? (jogap berildi)

7. Salam lukman, Armaň, Hazirki şertlerde artykmaç pikirlerden,depresiyadan nadip saplanyp bolar. Motiwasiya salgy berayiñ. (makala bar)

8. Salam admin halkyn ichinde ullanylyan em we iymitler bar meselem yuzarlik sarymsak limon shular nahili maslahat beryaniz? (toslamalar paş edildi, makala bar)

9. Chilimin wirus bn baglashygy barmy meselem ustune zyyan berip bilermi (makala bar)

10. 5 gun bari mende we yoldashymda grippin alamatlary bar ysgynsyzlyk burnuñ dykylmagy kelle agyry bokurdak agyry we usgulewuk. Grippmika ya covid 19 myka. Ys almak hem kynrak (jogap berildi)

11. Şu wagtky howa bokurdahyňda gejelewük döredip bilermi? (jogap berildi)

12. Näme un 2 yashdan kiciler geymeli dal aydayn? (gysga makala taýarlaýarys)

13. Salam …korona virus bn kesellan adam asgyrmaya diyya dogrumy? (сovid bilen kesellän asgyrýar, alamatlary barada bir giden makala bar)

14. Dushundiray bizde barmy shol kesel ya yok? (BSGG ýurta СOVID-19 bar ýaly hereket etmeli diýdi)

15. Biz şu gun lechemya alyp bolip yone arasynda usgurya nameden bolya so Diagnozy oyken sowuklamasy. (makala bar "atipiki pnewmoniýa näme?")

16. Teswir "Salam. Bassg öňüne getirip berilen 60 000 adamyň covid 19 barlaglaryndan geçendigi barada maglumat doly ýalan däl ýöne formalny edilen zat. 60 000 Umumy medisina barlaglaryndan geçen mugallymlar we beýleki edaralaryň işgärlerinden ybarat. Bir iki ay ön geçip yordiler." (BSGG beýanatyna reaksiýa)