OKYJYDAN: KORONAWIRUS SIMPTOMSYZ HEM GEÇIP BILÝÄR DIÝÝILÝÄR, DÜŞÜNDIRÄÝSEŇIZ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

covid 19 simptomsyzBSGG-nyň berýän maglumatlaryna görä, COVID-19 esasan alamatlaryny görkezýän adamlardan ýokuşýar, emma alamatlaryň ýüze çykmasynyň öň ýanynda hem, wirusly adama uzak wagtlap ýakyn dursaň ýokuşyp bilýär. Şeýle-de, keseli hiç hili alamatsyz geçirýän adamlar hem, wirusy başgalara ýokuşdyryp bilýärler. Ýöne bu barada has jikme-jik öwrenmek üçin has köp ylmy barlag geçirilmeli.

Hytaýdan gelen irki maglumatlar alamatsyz adamlaryň wirusy başgalara ýokuşdyryp bilýändigini teklip edýär. Alamatsyz adamlardan wirusyň başgalara nädip ýokuşýandygyna düşünmek üçin 2 zady tapawutlandyrmak möhümdir. Bu tapawutlandyrma wirusyň ýaýramasyna jemgyýetçilik derejesinde çäre görmekde uly rol oýnaýar.

↪ Kesellän, emma wirusy hiç hili alamatsyz geçirýän adamlaryň ony başgalara ýokuşdyrmagy. (asimptomatik ýokuşma)

↪ Kesellän, emma heniz alamatlary ýüze çykmadyk adamlaryň ony başgalara ýokuşdyrmagy. (pre-simptomatik ýokuşma)

BSGG-nyň COVID-19 boýunça tehniki ýolbaşçysy we epidemiolog Dr. Mariýa Wan Kerhowyň aýtmagyna görä, wirus köplenç kesellän adamlardan çykýan damjalar arkaly ýokuşsa-da, hiç haçan alamat görkezmeýän adamlardan hem ýokuşýandygy barada kesgitli bolmadyk maglumatlar bar. "Çaklamalara görä, dünýäniň ilatynyň 6%-nden 40%-ne çenlisiniň wirusy hiç hili alamatsyz geçiren bolmagy ähtimal. Asimptomatik adamlaryň wirusy nä derejede ýaýradyp bilýändigi häzire çenli näbelli bolup galýar".

Wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, BSGG hemmetaraplaýyn çäre görmegi maslahat berýär. Olardan käbiri:

↪ Şübhelenilýän adamlary mümkin boldugyça tiz anyklamaly, barlagdan geçirmeli we näsaglaryň ählisini degişli merkezlerde ilatdan çetleşdirmeli.

↪ Näsaglaryň ähli ýakyn gatnaşykdaky adamlaryny anyklamaly we karantine salmaly. Olaryň içinden keseliň alamatlaryny görkezýänleri barlagdan geçirmeli.

↪ Belli ýagdaýlarda mata maskalary dakynmaly. Meselem, adamlar bilen araňda fiziki daşlygy saklap bolmaýan köpçülik ýerlerinde.

↪ Şübhelenilýän we COVID-19 bilen keselländigi tassyklanan näsaglara ýakynlaşmaly bolýan saglyk işgärleri ähli goranyş çärelerini berjaý etmeli.

↪ Saglyk işgärleri iş wagtynyň bütin dowamynda lukmançylyk maskasyny dakynmaly. Ähli wagtlarda elleri arassa saklamaly, başgalar bilen araňda fiziki daşlygy saklamaly we respirator gigiýenasyny berjaý etmeli. Märekeli ýerlerden, adamlara ýakyn durmaly ýerlerden, içi dar we idili howalandyrylmaýan ýerlerden daş durmaly. Içerlerde we hyryn-dykyn ýerlerde başgalary goramak üçin mata maska geýmeli. Içerleri howalandyryp, arassalap we dezinfisirläp durmaly.