OKYJYDAN: NÄME ÜÇIN 2 ÝAŞDAN KIÇI ÇAGALARA MASKA GEÝMEK MASLAHAT BERILMEÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid 19 maska 2y kiciCOVID-19 keselinden goranmak üçin, köpçülik ýerlerinde hemme kişä maska geýmek BSGG tarapyndan maslahat berilýär. Biz BSGG-nyň websaýtyndan 2 ýaşdan kiçi çagalaryň maska geýmegi babatynda hiç hili maglumat tapyp bilmedik.

ABŞ-nyň Keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi (CDC) 2 ýaşdan kiçi çagalara maskanyň hiç bir görnüşini geýmegi maslahat bermeýär. Onuň sebäpleri:

► 2 ýaşdan kiçiler maska geýende, ýeterlik howa alyp bilmän, demigip bilýärler.

► Eger çaga maska geýende demikse ýa-da yssylasa, ony ene-atasyna düşündirmekde kynçylyk çeker we maskany özbaşdak çykarmakda kösenip biler.

► 2 ýaşdan ulularyň we gartaşan adamlaryň hem, dem almakda ýa-da maskany özbaşdak çykarmakda kynçylyk çekýänlerine maska geýmek maslahat berilmeýär.

► Ýaponiýanyň Pediatrik Assosiasiýasy ene-atalara bäbeklerine maska dakmazlygy maslahat berýär. Sebäbi maskaly wagty çaganyň ýüzüniň reňkine, görnüşine we deminiň üýtgemegine üns bermek kyn bolýar.

► Çagalaryň dem alyş ýollarynyň dar bolany üçin, maskalar dem almagy kynlaşdyryp, öýkene agram salyp bilýär.

► Esasan hem, ýaş çagalar maskanyň arkasynda gaýtarsa, olara demikmek howpy abanýar.

► Şeýle-de, maskanyň bäbekleriň ýüzüni ýyly saklaýandygy üçin, yssy urmak howpy ýokarlanýar.