СOVID-19 WE ÝURDUMYZ: KÖNE WE TÄZE SORAGLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

covid 19 kone we taze soraglarGadyrly okyjy,

7-nji awgustda Hans Kluge, BSSG-nyň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň müdiri Twitter-de şeýle habar paýlaşdy:

"Şu gün Dr. Tedros ikimiz Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkmenistandaky #COVID19 ýagdaýy barada duşuşdyk. BSGG ýurtda köpelip barýan pnewmoniýa hadysalary barada örän aladalanýandygyny bildirdi. BSGG toparyny ýurduň içinde özbaşdak СOVID-19 barlaglarynyň nusgasyny almaga we BSGG-nyň ýurduň daşyndaky laboratoriýalaryna barlaga ibermegä çagyrdyk. Prezident razy boldy".

Saglygyň BSGG-a we Türkmenistanyň Saglyk Ministrligine iberen soraglary, teklipleri, we hyzmatdaşlyk çakylyklary häzire çenli jogapsyz galýar. Saglyk bu guramalardan şeýle maglumatlaryň ilata elýeter edilmegini sorap gelýär:

↪ COVID-19 ýokuşanlaryň, sagalanlaryň, ýoganlanlaryň gündelik sany (paýtagt we welaýatlar boýunça).

↪ Pnewmoniýa bilen kesellänleriň, sagalanlaryň, ýogalanlaryň sany.

↪ СOVID-19 barlagyndan geçen adamlaryň sany, pozitiw we negatiw netijeleriň sany.

↪ Nähili barlaglardan nirede geçip bolýandygy we bahalary barada anyk maglumatlar.

↪ СOVID-19-a garşy göreş üçin ýazylan milli meýilnamany doly görnüşde lukmanlara we ilata elýeter edip goýmak. Ol şu wagt elýeter däl.

↪ Lukmançylyk işgärleriniň iş protokoly, kesellän işgärleriň sany.

↪ Hassahanalar we ol ýerdäki näsaglar bilen geçirilýän iş protokoly barada maglumat.

↪ Dermanlaryň we zerur lukmançylyk esbaplarynyň üpjünçüligi.

↪ Ilat üçin şu maglumatlary sada, düşnükli, takyk beýan edýän döwlet saýtynyň açylyp dolandyrylmagy.

Täze soraglar we teklipler:

↪ Goňşy ýurtlardaky ýaly, СOVID-19 alamatly we pnewmoniýaly näsaglaryň statistikasy birleşdirilip alnyp barylsa we ilata aýan edilse.

↪ Fewral-Awgust 2020 aýlarynda pnewmoniýadan ýogalan näsaglaryň sany aýan edilse.

↪ Ýokardaky habarda bellenilişi ýaly, "özbaşdak" geçirilen "garaşsys" barlaglaryň netijeleri doly çap edilip, ilata aýan edilse, örän pese düşen BSGG-a bolan ynamyň biraz hem dikelmegine getirer diýip çaklaýarys.

↪ BSGG ilata düşündiriş berse. Näme üçin şeýle teklibi fewral-iýul aýlarynda etmedi? Bu näçe adamyň ölüminiň, betbagtçylygyň, we kösençligiň öňüni alyp bilerdi! Şu ýagdaýda BSGG-nyň jogapkärçiligini çäklendirýän faktorlar näme?

Meniň elimden gelýän zat barmy? Hawa! Sen Ministrlige jaň edip, ýokardaky soraglary sorap bilersiň we BSGG-nyň Türkmenistandaky ofisine ýa-da sosial sahypalaryna ýüz tutup bilersiň.

Saglyk Ministrliginiň nomeri: +993 12 40-04-16, +993 12 40-04-07;

Türkmenistandaky BSGG edarasynyň nomeri: +993 12 48-83-25; +993 12 48-84-04;

Instagram: @who_turkmenistan, @UN_Turkmenistan.