AEROZOL GEÇIRIJILERI BARADA HAS KÖP SUBUTNAMA TAPYLDY
Ýokanç keselleriň iki sany kliniki barlaglary COVID-19-yň respirator damjalarynyň ýa-da wirus düşen ýerleriň üsti bilen däl-de, esasan aerozol (howada gaýýan) geçirijiler arkaly ýokuşýandygyny görkezdi.
Ylmy barlaglar wentilýasiýanyň wajypdygyny nygtaýarlar
Hytaýly ylmy-barlagçylar SARS-CoV-2 wirusynyň RNK bölejikleriniň iň köp pozitiw çykan möçberine içe sorulan demiň nusgalarynda duş geldiler. Bu wirusyň düşen ýerlerinden alnan nusgalardan 20% köpdür. Dem nusgalarynyň 26.9% pozitiw çykypdyr. Emma howadan alnan nusgalaryň diňe 3.8% we wirusyň düşen ýerlerinden alnan nusgalaryň 5.4% pozitiw çykýar.
Başga bir ylmy barlagda hem, Niderlandiýaly ylmy-barlagçylar wentilýasiýa ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçýärler. Olar muňa mysal hökmünde, otaglaryň ýygy-ýygydan howalandyrylmandygy sebäpli COVID-19-yň tiz ýaýran garrylar öýüni görkezýärler.
- 1267 gezek okalan